Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň çäginde, Köne Misserian (ýa-da Dehistan) atly gadymy şäher harabaçylygynda, asyrlaryň şaýady bolup duran iki beýik minaranyň arasynda, orta asyrlaryň iň uly metjitleriniň biriniň galyndylary ýatyr. Bu metjit ýönekeý bina däl-de, Horezm şalarynyň kuwwatyny, Yslam medeniýetiniň gülläp ösüşini we bu sebitiň binagärlik ussatlygyny alamatlandyrýan taryhy-sungat gymmatlygydyr.
Misserianyň Juma Metjidi (käbir çeşmelerde Horezmşa Muhammediň Metjidi diýilýär) XI-XIII asyrlarda, şäheriň iň gowy ösen döwründe gurlupdyr. Metjidiň esasy portalynyň (peşdagyň) galyndylary häzirem örän täsirli görünýär. Portal diwaryň iki sütüninden we onuň bir gyrasynda galan beýik minaradan ybarat. Metjidiň meýdanynyň golaýynda duran beýik minara (Günorta minara) esasy metjide degişli bolupdyr. Emma ondan 120 metr uzaklykda ýerleşýän has gadymy, Abu Japar Ahmediň minarasy (Demirgazyk minarasy, 1102-nji ýyl) has gyzykly taryhy maglumatlary özünde saklaýar. Onuň kerpiçden Kufa stili bilen ussatlyk bilen ýazylan bezeg ýazgylary gurluşyň senesini we gurduran adamsyny (Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El-Agarra ogluny) yglan edýär. Bu, metjidiň we minaralaryň diňe bir ybadathana däl-de, eýsem, baý howandarlaryň buýruklary bilen gurlan sungat eserleri bolandygyna şaýatlyk edýär.
Dehistanyň çäginde, esasy metjitden tapawutlylykda, Şir-Kebir Metjidi (ýa-da Maşat ata metjidi) hem bar. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu metjit Türkmenistanyň çägindäki iň gadymy saklanyp galan metjitdir (IX-X asyrlar).Ol kiçijik, gümmezli, kub görnüşli bina bolup, ilki çig kerpiçden gurlup, soňra bişen kerpiç bilen abatlanýar. Onuň syrça bilen bezelen mähraby (ybadat nişasy) ussatlyk we nepislik babatda Gündogaryň iň seýrek duş gelýän nusgalarynyň biri hasaplanýar. Şir-Kebir metjidi diňe bir ybadat däl, eýsem, zyýarat ýeri hökmünde hem ulanylypdyr.
Arheologlar Misserianyň metjidiniň meýdanyny barlap, metjidiň ägirt uly meýdanyny (uzynlygy 50 metrden gowrak) we ony gurşap alan galereýalaryň (ýa-da aýlawly zallaryň) sütünleriniň esaslaryny tapdylar. Metjidiň ortasynda, beýleki orta asyr metjitlerindäki ýaly, howuz (suw howdan) ýerleşipdir.Bu tapyndylar metjidiň bir wagtlar köp müňlerçe adamy kabul edip bilýän, şäheriň durmuşynyň merkezinde duran, ruhy we jemgyýetçilik ähmiýeti uly bolan desga bolandygyny görkezýär.Misserianyň binagärlik nusgalary (minaralary, metjit) ýönekeý kerpiçden gurlan bolsa-da, kerpiçleriň dürli ýollary bilen örülip, ajaýyp geometrik we ýazgyly nagşa öwrülmegi, Gündogaryň ussalarynyň çeperçilik derejesiniň näderejede ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär. Minaralaryň ýüzündäki ýazgylar:Gurluşygyň takyk senesini (1102-nji ýyl) görkezmek bilen, şol döwürdäki taryhy hadysalara aralaşmaga mümkinçilik berýär.Aly Zyýadyň (oglunyň) işi diýen ýazgy, bu ajaýyp binany salan ussanyň adyny unudylmakdan gorap saklapdyr.
Misserianyň Metjidi we onuň minaralary — bu diňe bir çöldäki harabaçylyk däl-de, eýsem, orta asyr Gündogaryň binagärlik we yslam medeniýetiniň altyn sahypalarynyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly bir bölegidir.
Meredow Agamyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby

RU












