Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy dünýä syýasatynda, halkara gatnaşyklarynda täze hadysadyr. Onuň düýp manysy ynsanperwerlikdir. Ol ägirt uly ruhy-ahlak güýçdür. Türkmen bitaraplygynyň şeýle güýje eýedigine, onuň sebitde howpsuzlyga we durnuklylyga uly goşant goşýandygyna dünýä jemgyýetçiligi barha aýdyň göz ýetirýär.
Türkmenistan islendik döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny olar bitarap döwlet hökmünde onuň öz üstüne kabul eden halkara borçnamalaryna ters gelmeýän halatda ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn esasda ýola goýýar. Türkmenistan islendik döwletiň ýa-da halkara guramasynyň ykdysady we tehniki ýardamyny diňe onuň özygtyýarlylygyna we bitaraplyk derejesine howp salyp biljek şertler öňe sürülmedik halatda kabul edýär.
Türkmenistan syýasy maksatlary gazanmak, öz garaýyşlaryňy we düşünjeleriňi boýna dakmagyň serişdesi hökmünde bir döwletleriň beýlekilere ykdysady taýdan zor salmagyny ret edýär we şunuň bilen baglanyşykly olaryň yglan edýän ykdysady gabamalaryna, ýanamalaryna we ykdysady bähbitleri kemsitmegiň beýleki görnüşlerine gatnaşmaýar. Ynsanperwerçilik çäklerde öz daşary syýasat ugruny ýöretmek bilen, Türkmenistan adamyň jemgyýetiň iň belent gymmatlygy bolup durýanlygy we her bir döwletiň tagallalarynyň şahsyýetiň erkin ösmegi üçin mümkingadar amatly şertleri, onuň öz ukyp-isleglerini durmuşa geçirmegi üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilmelidigi baradaky şygardan ugur alýar. Türkmenistan adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda bellenilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär we olara sarpa goýýar, olaryň netijeli amala aşyrylmagy üçin syýasy, ykdysady, kanuny we beýleki kepillendirmeleri döredýär.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň halklarynyň medeniýetine, däplerine we dessurlaryna, taryhy hakydasyna sarpa goýmak esasynda gurýar. Türkmenistan ynsanperwerlik gatnaşyklaryna halklaryň ysnyşmagynyň, olaryň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşmagynyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Türkmenistan milletleriň we halkyýetleriň arasynda ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyny, medeniýetleriň özara aralaşmagyny we özara baýlaşmagyny mübärekleýär, höweslendirýär. Türkmenistan döwletleriň we halkara jemgyýetçiliginiň uruşlardan, dawalardan, tebigy apatlardan, heläkçiliklerden, keselleriň giň ýaýramagyndan we olaryň netijelerinden ejir çeken ýurtlara kömek bermek baradaky tagallalaryny goldaýar. Türkmenistan bosgunlaryň, göçürilen adamlaryň we göçmäge mejbur bolanlaryň hukuklaryny üpjün edýän esasy halkara-hukuk namalaryna goşulýar, şol adamlar üçin durmuş-syýasy kepillendirmeleri we zerur bolan ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýar.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

RU












