Abadan durmuş – Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we milli aň-düşünjesiniň merkezinde durýan esasy düşünjedir. Bu düşünje diňe bir ykdysady we maddy üpjünçiligi däl, eýsem, türkmen halkynyň taryhyndan, däp-dessurlaryndan we asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak ýörelgelerinden gelip çykýan ruhy, sosial we medeni baýlygyň bütewüligini aňladýar. Türkmençilikde abadan durmuş asudalygyň netijesi we agzybirligiň miwesidir.Abadan durmuş düşüjesi türkmen halkynyň durmuş endiklerinde we milli garaýyşlarynda berk ornaşandyr.
Türkmen jemgyýetinde maşgala mukaddes hasaplanyp, abadan durmuşyň esasy özeni bolup durýar. Abadanlyk diňe bir şahsy adamyň baýlygy däl, eýsem, maşgalanyň agzybirligi, nesilleriň arasyndaky mähir-muhabbet we çagalaryň kämil terbiýesi bilen ölçenýär. Uly maşgalanyň birek-birege goldaw bermegi we hormat goýmagy abadan durmuşyň iň wajyp görkezijisidir.
Türkmen däbinde goňşylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. “Goňşyňdan aýrylma, goşa bolsaň, aýryl” ýaly nakyllar, abadan durmuşyň kollektiw häsiýetini görkezýär. Goňşular bilen agzybir ýaşamak, birek-birege kömek etmek (ýasda-tolda) we hormat goýmak – bu ruhy abadanlygyň girewidir.Ýaşululara hormat goýmak we olaryň nesihatlaryna eýermek abadan durmuşyň esasy ahlak ýörelgesidir. Ýaşulylar durmuş tejribesiniň, parasatlylygyň we däp-dessurlaryň goragçysy hasaplanýar. Olaryň razyçylygy we ak pata bermegi, abadan we rysgally durmuşyň açary hökmünde görülýär.
Türkmenistanyň ykdysady modeli Abadan durmuşyň esasy şertlerini — durnuklylygy we sosial goragy üpjün etmäge gönükdirilendir.Döwlet syýasaty energiýa serişdeleriniň (gaz, elektrik) we suwuň elýeterliligini we beýleki sosial ýeňillikleri üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Bu, ilatyň maddýet taýdan aňsat durmuşyny we kemsiz, parahat ýaşaýşyny üpjün edýän esasy sosial kepilliklerdir.
Abadan durmuş türkmen aňyýetinde halallyk bilen zähmet çekmek we zähmetiň miwesini görýän halk bolmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet, zähmet adamlaryny we hususy telekeçileri goldamak arkaly her bir raýata özüniň we maşgalasynyň abadanlygyny öz zähmeti bilen döretmäge mümkinçilik berýär.Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy bolan Bitaraplyk statusy, abadan durmuşyň daşarky şertlerini üpjün edýär.Bitaraplyk statusy, ýurduň çaknyşyklara goşulmazlygyny we içerki durnuklylygy goramagy kepillendirýär. Asudalyk bolmasa, ykdysady ösüş we sosial abadançylyk mümkin däl. Bitaraplyk, abadan durmuşyň strategiki goragydyr. Milli gymmatlyklary (halylar, atlaryň medeniýeti, dutar) dünýäde wagyz etmek, ýurduň halkara abraýyny artdyrýar. Bu bolsa, türkmen halkynyň abadanlygyny diňe bir içerki däl, eýsem global medeniýetde ykrar etmegi aňladýar.
Abadan durmuş düşünjesiniň milli özboluşlygy – bu Türkmenistanda ýaşaýyş durmuşynyň aňsat bolmagyny üpjün edýän sosial-ykdysady ösüşiň we taryhy-ruhy gymmatlyklaryň bütewi birikmesidir. Ol her bir raýatyň durmuşynda ynamyň, agzybirligiň we parahatçylygyň esasynda gurlup, türkmen halkynyň geljekki nesiller üçin miras galdyrmak isleýän iň beýik arzuwydyr.
Abaýewa Aýlar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 113-nji toparynyň talyby

RU












