Fransiýada Täze ýyl gijesi, ýagny 31-nji dekabr, “La Saint-Sylvestre” diýlip atlandyrylýar. Bu baýramçylyk glamour, iň gowy tagamlar we maşgala ýygnanyşyklary bilen bellenilýär. Fransuzlar üçin Täze ýyl — bu diňe bir kalendaryň çalşygyny däl, eýsem, geljek ýylyň şowlulykly bolmagyny üpjün etmek üçin, köne ýylyň aladalaryny yzda galdyrmagy aňladýan pursatdyr.Fransuz Täze ýyl agşamynda esasy üns nahara we şatlykly dabaralara berilýär.
Täze ýyl gijesi geçirilýän uly nahar “Le Réveillon de la Saint-Sylvestre” diýlip atlandyrylýar. Bu nahar köplenç gijäniň ýaryndan soň hem dowam edýär. Fransuz Täze ýyl saçagynyň esasy nyşany — bu şampandyr. Şampan baýramçylygyň şöhratyny, şatlygyny we joşgunyny nygtaýar. Esasy tagamlar hökmünde Foie Gras (ördek ýa-da gaz bagrynyň pate), ýylyň iň gowy peýnirleri we, elbetde, deňiz önümleri, esasan-da Ustritsalar (Oysters) hödürlenýär.Gijäniň ýarynda adamlar bir-birlerini gujaklap, üç gezek hökman “Bonne Année!” (Täze ýylyňyz gutly bolsun!) diýip gutlaýarlar.
Fransiýanyň paýtagty Parižde Täze ýyl gijesi unudylmaz dabaralar bilen geçýär.Elize meýdany (Champs-Élysées): Parižiň iň meşhur dabarasy Elize meýdanynda geçirilýär. Muňa garamazdan, meýdançanyň özi esasan feýerwerkleri däl-de, ýagtylyk şüweleňlerini we Eýfel diňiniň özboluşly ýalkymyny synlamaga niýetlenendir.Feýerwerkler: Iň uly we iň garaşylýan feýerwerk dabarasy köplenç Eýfel diňiniň töwereginde guralýar. Étrennes” – Täze Ýyl Sowgatlary
Fransiýada Täze ýyl sowgatlary, ýagny “Étrennes”, köplenç 1-nji ýanwarda berilýär. Esasy sowgatlar (Oýunjaklar we beýlekiler) Roždestwo gününde berilse-de, Täze ýylda çagalara köplenç pul ýa-da kiçijik zatlar berilýär.Taryhy taýdan bu söz, poçtalýonlar, ýangyn söndürijiler ýa-da gapyçylar ýaly, size hyzmat eden adamlara berilýän kiçijik pul baýragyny aňladýar.
Fransuzlaryň Täze ýyl bilen bagly käbir özboluşly ynançlary we däpleri bar.Fransuzlar Täze ýylyň ilkinji gününde ýagny 1-nji ýanwarda Şampanyň gutarylmagyny halaýarlar. Gutylman galan şampan, geljek ýylda maddy ýitgileri getirip biler diýen ynam bar.
Täze ýylyň ilkinji gününde size ilkinji bolup gelen adamyň siziň üçin bagt ýa-da şowlulyk getirjekdigine ynanýarlar.Fransiýanyň Täze ýyl baýramçylygy, ýagny “La Saint-Sylvestre”, şowhuny, Ýewropa medeniýetiniň iň gowy däplerini we dünýä belli tagamlary özünde jemleýär. Ol, täze ýylyň söýgi, üstünlik we maddy bolçulyk bilen gelmegini arzuw edýän, ýagty we ruhlandyryjy baýramçylykdyr.
Gurbanowa Meňli
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU












