Türkmenistanyň Bitaraplyk statusy we daşary syýasatynyň esasy konsepsiýasy hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýörelge diňe bir diplomatik strategiýa däl, eýsem, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen asylly ahlak kadasydyr. Häzirki döwürde bu ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletlilik derejesine göterildi.
Türkmen halkynda “Goňşy goňşa gerek”, “Goňşy dilenip alynmaýar, ony Taňry berýär” ýaly pähimler goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mukaddesdigini nygtaýar. Döwlet derejesindäki hoşniýetli goňşuçylyk bolsa, bu pähimleriň halkara giňişlikdäki beýanydyr.
Türkmenistan goňşy döwletler bilen gatnaşyklarda hemişe syýasy durnuklylygy we gapma-garşylyksyzlygy saklamagy ileri tutýar. Bu bolsa, bütin sebitde ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly şertleri döredýär. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan goňşy ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesini berjaý edip, olaryň bähbitlerine uly hormat goýýar. Bu, ýakyn we uzak möhletli strategiki hyzmatdaşlygyň esasy kepilidir.Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitindäki we Hazar sebitindäki goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bu dostluk diňe bir resmi derejede däl, eýsem, doganlyk we taryhy medeni umumylyk bilen berkidilendir. Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy we Täjigistan bilen gatnaşyklar yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklar arkaly hasam pugtalandyrylýar. Energetika, suw serişdeleri we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar sebitiň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Eýran Yslam Respublikasy bilen senagat, energetika we demir ýol pudaklarynda alyp barýan gatnaşyklarymyz hoşniýetli goňşuçylygyň ajaýyp mysalydyr. Owganystana bolsa yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek, türkmen halkynyň rehimdarlygyny we sebitdäki durnuklylyga goşýan goşandyny görkezýär.
Hazar deňziniň statusyny kesgitlemekdäki hoşniýetli pozisiýa we Azerbaýjan bilen energetika (mysal üçin, “Dostluk” käniniň işi) ýaly strategik ugurlardaky hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin bähbitleri üpjün edýär.Hoşniýetli goňşuçylyk diňe bir taryha hormat goýmak däl, eýsem, ýagty geljegi gurmak üçin zerur şertdir. Goňşular bilen dostlukly gatnaşyklar Türkmenistanyň uluslarara üstaşyr merkez bolmak mümkinçiligini güýçlendirýär. Gaz we nebit turbalarynyň, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän demir we awtomobil ýollarynyň gurulmagy, bütin sebitde parahatçylygyň ykdysady esasyny döredýär.Türkmenistan goňşulary bilen söwda, medeni alyş-çalyş we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürip, öz döwletliliginiň halkara abraýyny barha beýgeldýär.
Hoşniýetli goňşuçylyk – bu türkmen halkynyň parasatlylygyny, agzybirligini we ynsanperwerligini aňladýan, döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan kämil derejede amala aşyrylýan ýörelgedir. Bu ýörelge Türkmenistan üçin parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we ählumumy ykrar edilmegiň aýdyň ýoludyr.
Welmuradow Aman
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU












