Italiýa – bu taryhyň, sungatyň we, elbetde, ajaýyp iýmitleriň mekanydyr. Italiýalylar üçin Täze ýyl, ýagny “Capodanno” (ýylyň başy) – bu diňe bir kalendar çalşygy däl, eýsem, gahar-gazaby we negatiwligi köne ýylda galdyryp, täze geljek ýyly şatlyk, bereket we bagt bilen garşylamak üçin ýörite bellenilýän möhüm baýramçylykdyr. Italiýanyň Täze ýyl däpleri dünýäde iň şowhunly we özboluşly dessurlardan hasaplanýar.
Täze ýyl gijesiniň öň ýanyndaky nahar, ýagny “Cenone di Capodanno” (Täze ýylyň uly nahary) diýlip atlandyrylyp, maşgala agzalaryny we ýakyn dostlary bir ýere jemleýär. Bu naharyň esasy maksady – geljek ýylyň bolçulykly we baý bolmagyny üpjün etmekdir. Täze ýyl saçagynyň iň wajyp tagamy merjimekdir. Merjimek dänesi öz şekili bilen tegelek pul böleklerini ýatladýar. Şonuň üçin näçe köp merjimek iýilse, geljek ýylda şonça-da köp maddy baýlyk garaşýar diýen ynam bar. Merjimek köplenç “Cotechino” ýa-da “Zampone” (özboluşly doňuz etinden taýýarlanan kolbasa görnüşi) bilen bilelikde iýilýär.Saçakda miwelerden üzüm we nar (bagty we bereketi aňladýan) bolmalydyr.
Italiýanyň Täze ýyl gijesi gaty şowhunly we açyk reňkli däpler bilen geçýär, bu däpler köne, ýaramaz ruhlary kowmagy maksat edinýär.Gijäniň ýarynda asman äpet feýerwerkler we dürli sesli partlaýjylar bilen ýaňlanýar. Bu şowhun, köne ýylyň ýaramaz energiýasyny we ruhlaryny kowmagy aňladýar.Täze ýyl gijesi italiýalylar, esasanam zenanlar, gyzyl reňkli içki eşikleri geýmegi halaýarlar. Gyzyl reňk bagty, söýgini, üstünligi we şowlulygy çagyrmagyň nyşany hasaplanýar.Taryhda, esasanam Neapol ýaly günorta şäherlerde, Täze ýyl gijesi gaty özboluşly bir däp bolupdyr. Köne gahar-gazaby we negatiwligi yzda galdyrmagy aňlatmak üçin, adamlar penjirelerden köne zatlaryny (köne gap-gaçlar, mebeller) köçä zyňýardylar. Häzirki döwürde bu däp köplenç howpsuzlyk sebäpli ýönekeý simwoly herekete öwrüldi.
Sagat ýarym gijäni uranda, ähli maşgala agzalary şampan ýa-da beýleki köpüklän şeraplar bilen “Brindisi” (toý gutlagy) aýdyp, bir-birlerine bagt, saglyk we bereket arzuw edýärler. Bu pursat iň emosional we emosional pursatlaryň biridir. Italiýanyň Täze ýyl baýramçylygy, taryhyň, ynanjyň, şowhunyň we maddy berekediň özboluşly garyndysydyr. Ol, ähli kynçylyklary yzda galdyryp, täze ýyly dolulygyna umyt we şatlyk bilen garşylamaga çagyrýan baýramçylykdyr.
Baýramowa Bägül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU












