Azerbaýjan, Köne dünýäniň ähmiýetli medeniýetleriniň, Gündogar bilen Günbataryň çatrygynda ýerleşýän, baý taryhy we özboluşly medeniýeti bolan, “Odlar Ýurdy” diýlip atlandyrylýan ýurt. Onuň medeniýeti, müňýyllyklaryň dowamynda dörän özboluşly sungat, aýdym-saz we ýaşaýyş durmuşy bilen tapawutlanýar.Azerbaýjan aýdym-sazynyň esasy sütüni Mughamdyr. Bu, Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar aýdym-saz däpleriniň içinde möhüm orny eýeleýän, klassiki aýdym-saz žanrydyr. Mugham diňe bir aýdym-saz däl, eýsem, duýgularyň we filosofiki düşünjeleriň çylşyrymly birleşmesidir. 2008-nji ýylda UNESCO tarapyndan Adamzadyň Maddy Däl Medeni Mirasynyň Sanawyna goşuldy.
Mugham esasan tar, kamança we gawal ýaly saz gurallarynyň ýanynda, xanende (aýdymçy) tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Azerbaýjan el halyçylygy – bu ýurduň iň meşhur sungat görnüşleriniň biridir. Her bir haly, diňe bir önüm däl-de, eýsem reňkleriň, nagyşlaryň we simwolizmiň kömegi bilen ýurduň taryhyny, dessurlaryny we tebigatyny beýan edýän eserdir. Halylar dörän ýerlerine görä aýratyn stil we tehnika bilen tapawutlanýan Garabag, Guba, Şirwan, Baku we Tebriz mekdeplerine bölünýär. Azerbaýjan halyçylygy hem, 2010-njy ýylda UNESCO-nyň Maddy Däl Medeni Miras Sanawyna goşuldy.Baku şäheriniň köne bölegi bolan Içeri Şäher, Azerbaýjan binagärliginiň şaýadydyr. Bu ýerde XII asyra degişli Gyz Galasy we Şirwanşalar köşgi ýaly taryhy ýadygärlikler ýerleşýär. Häzirki wagtda bolsa, Od Lowlary (Flame Towers) ýaly modern ymaratlar Bakuwyň asmanyny bezeýär we ýurduň ösüşini görkezýär.
Azerbaýjan aşhanasy, Gündogar we Günbatar tagamlarynyň täsirini özünde jemleýän örän baý we dürli-dürlüdir.Azerbaýjanyň milli nahary bolup, olaryň onlarça görnüşi bar.Üwelen et we tüwi garyndysy ýapragyň (üzüm, kelem, we ş.m.) içine dolunýar. Goýun eti, nohut we towuk ýagynyň sajy (küýze) gapda taýýarlanylýan çorbasy.
Azerbaýjanyň medeniýeti, onuň taryhy ýaly, reňkli, çylşyrymly we çuň manylydyr. Ol mughamyň ruhy owazyndan, nepis dokalan halylaryň nagyşlaryndan we lezzetli tagamlaryndan ybarat bolup, hakyky Gündogar myhmansöýerligini hem-de Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky taryhy köprüni görkezýär.
Meredow Eşret
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby

RU












