Türkmenistan diýlende, köplenç ilki bilen ak mermerli Aşgabat ýa-da Garagum sährasy göz öňüne gelýär. Emma bu ýer hakykatdanam asyrlar aşan gudratyň we tebigat döredijiliginiň ýaýlasydyr. Türkmen topragy geografiýa, taryh we medeniýet taýdan deňsiz-taýsyz täsinliklere baýdyr.Garagum—diňe bir çäge deňzi däl, eýsem, janly ekoulgam we birnäçe geologiki täsinlikleri mekanydyr.Bütin dünýäde meşhur bolan bu gaz krateri, türkmen topragynyň tebigy baýlygynyň we göz öňüne getirip bolmajak güýjüniň nyşanydyr. Ol onlarça ýyllap durman ýanyp, myhmanlary özüne çekýän, gijeki asmany yşyklandyrýan, gudratly ýeri döredýär.
Türkmenistanyň gündogar çetindäki Köýtendagda millionlarça ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinazawrlaryň daşa öwrülen yzlary bar. Bu ýerler tebigy muzeý bolup, ähli döwürleriň ähmiýetine şaýatlyk edýär.Garagumuň çägeleri aşagynda, bir wagtlar onuň ýerinde ýerleşen Gadymy Hazar deňziniň yzlary saklanýar. Bu ýerler geologlar üçin gudratly laboratoriýadyr.Türkmenistan—Beýik Ýüpek Ýolunyň esasy çatryklarynyň biridir. Türkmen topragynda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly täsir eden medeniýetler gülläp ösdi.ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu şäher, X-XII asyrlarda dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolupdyr. Ol ylmyň, sungatyň we binagärligiň merkezi bolup, Mälik Şanyň we Soltan Sanjaryň döwrüniň gudratly ruhuny saklaýar.Horezmiň taryhy paýtagty bolan Köneürgenç, Orta Aziýanyň inçe binagärlik eserleriniň biridir. Ol ýerdäki minaralar, kümmetler we kerwensaraýlar türkmen topragynyň taryhy gymmatlyklaryny görkezýär. Parfiýa imperiýasynyň gadymy paýtagty, häzirki döwürde bu gudratly ýer, biziň eýýamymyzdan öňki döwürde bu sebitde ýaşan beýik medeniýetiň şaýadydyr.
Türkmenistanyň gudraty diňe bir daşda däl, eýsem, onuň milli ruhunda we medeni gymmatlyklarynda hem ýatyr. “Asman atlary” ady bilen meşhur bolan ahalteke bedewleri, güýjiň, owadanlygyň we wepadarlygyň janly nyşanydyr. Bu atlaryň taryhy, türkmen halkynyň taryhy bilen bir bitewülikdedir we hakyky tebigy gudrat hasaplanýar. Türkmen halysy diňe bir el işi däl-de, eýsem, türkmen halkynyň taryhyny, filosofiýasyny we däp-dessurlaryny özünde jemleýän dokuwly senedir. Her bir göl, taryhyň we ykbalyň syrly habaryny özünde saklaýar.
Türkmen topragy hakykatdan-da geň galdyryjy we gudratly ýerleriň jemlenen mekanydyr. Ol diňe bir gözellikleri däl, eýsem, taryhy we medeni mirasy bilen dünýäni haýran galdyrmaga mynasypdyr.
Begmyradowa Nurjahan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby

RU












