Germaniýada Täze ýyl gijesi “Sylwester” (Sylvester) ady bilen meşhurdyr. Bu at, 31-nji dekabrda aradan çykan Rimiň Pabasy Sylwester I-niň hormatyna dakylypdyr. Germaniýada Täze ýyl baýramçylygy şowhun, feýerwerkler, gyzykly däpler we aýratyn tagamlar bilen garşylanýar, bular geljek ýylyň şowlulykly bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.Germaniýada Täze ýyl gijesi gaty şowhunly geçirilýär. Bu däp, gadymy German ynançlaryna daýanýar.
Täze ýyl gijesi nemesler öýleriniň öňünde we uly meýdanlarda äpet feýerwerkleri we petardalary atýarlar. Bu şowhun, gadymy düşünjelere görä, ýaman ruhlary kowmagy we geljek ýylda maşgala asudalygyny üpjün etmegi aňladýar.Berlin şäherindäki Brandenburg derwezesi Täze ýyl dabaralarynyň iň uly we iň meşhur mekanydyr. Bu ýere millionlarça adam ýygnanyp, konsertleri diňleýär we bilelikde “Countdown” (sanalma) edýärler. Sagat 00:00-i uranda, her şäheriň ybadathanasyndaky jaňlar kakylýar, bu täze ýylyň gelendigini yglan edýär.
Sylwester agşamynda nemesler belli bir tagamlary iýmegi halaýarlar, sebäbi bu tagamlar geljek ýylyň maddy we durmuş şowlulygyny üpjün edýär diýlip ynanýarlar.Köp nemes maşgalalary Täze ýyl agşamynda fondýu ýa-da Raklet (Raclette) taýýarlaýarlar. Bu naharlar uzaga çekýän we myhmanlaryň hemmesiniň gatnaşmagyny talap edýänligi üçin, maşgala agzybirligini we bilelikdäki wagt geçirmegi aňladýar.Günorta Germaniýada, esasanam Baýern (Bayern) ýaly sebitlerde, Täze ýyl gününde merjimek şorbasyny (Linsensuppe) iýmek däbi bar. Merjimek (Italiýada bolşy ýaly) öz tegelek görnüşi bilen tegelek pul böleklerini ýatladýar. Şonuň üçin merjimek iýmek maddy baýlygy çagyrmagy aňladýar.Käbir sebitlerde Täze ýyl saçagynyň esasy tagamy pishanek (Karpfen) bolýar. Pishanek balygyň pully ýalpyldawuk gabygy sebäpli, onuň bir bölegini aýryp, gapjykda saklamak pul getirer diýen ynam bar.
Gündogar Germaniýada we Berlinde Täze ýyl gijesi ýa-da 1-nji ýanwarda “Berliner” (süýjüli pirog görnüşli ponçik) iýilýär. Käwagt, gülküli we erbet arzuwlary gowmak üçin, käbir Berliner-leriň içine süýjüniň ýerine gorçisa (Mustard) salynýar.Nemesler Täze ýyl gijesi geljek ýyla degişli käbir özboluşly dessurlary amala aşyrýarlar.Iň meşhur we gadymy däp – bu “Bleigiessen” (Gurşun guýmak) dessurydyr. Kiçijik gurşun bölegi (häzirki wagtda köplenç galaýy ulanylýar) çemçede gyzdyrylyp, sowuk suwa atylýar. Gurşunyň sowandan soň alan şekiliniň manysy seljerilip, geljek ýylda nämä garaşylýandygy (mysal üçin, ýürek – söýgini, tegelek – baýlygy) çözülýär.Nemesler Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dostlaryna we garyndaşlaryna şowlulyk, saglyk we bagt arzuw edýärler. Iň meşhur gutlag – “Prosit Neujahr!” (Täze ýylyňyz gutly bolsun!) ýa-da gysgaça “Prost!” (gutlamak).
Germaniýanyň Täze ýyl baýramçylygy, ýagny “Sylwester”, şowhunly feýerwerkleri, gadymy ruhy däpleri we merjimek, pishanek ýaly bagt getiriş ynançlary bilen utgaşýar. Bu, köne ýylyň ähli agyrlygyny taşlap, täze ýylyň gelmegini şatlyk, umyt we bereket bilen garşylamaga çagyrýan baýramçylykdyr.
Sorjaýewa Ogulşirin
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU












