“Edep gözbaşy — ene mähri” diýen pelsepe, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda süzülip gelen terbiýeçilik mekdebiniň özenidir. Köplenç edep diňe düzgünleriň ýa-da kadalaryň toplumy hökmünde görülýär, emma hakykatda hakyky edep — ene mähriniň ýylylygynda kemala gelýän içki medeniýetdir.Halkymyzda “Ene terbiýesi — uly mekdep” diýen pähimli jümle bar. Perzendiň jemgyýetde özüni alyp barşy, ulyny sylap, kiçini ezizlemesi we ynsanlyk mertebesini saklamasy — bularyň ählisi sallançak başynda berilýän ene mährinden gözbaş alýar.
Gury we gaty talaplar bilen berlen terbiýe wagtlaýyn bolup biler, emma mähir bilen berlen edep ömürlikdir. Ene öz perzendine bir zady öwredende, ony söýgi bilen, “jan balam” diýip ýüzlenip aýdýar. Bu mähirli söz çaganyň kalbyna şeýle bir täsir edýär welin, ol enesiniň göwnüne degmezlik üçin iň gowy häsiýetleri özünde jemlemäge çalyşýar. Şunlukda, edep çaga üçin mejburylyk däl-de, eýsem enesini begendirmek islegine öwrülýär.
Çaga ömrüniň ilkinji ýyllarynda dünýäni we adamlary enesiniň gözleri bilen görýär. Enäniň hatda iň kiçijik hereketi hem — onuň myhmana goýýan sarpasy, ula berýän salamy, sabyrlylygy — perzent üçin iň uly edep sapagydyr. Ene mähri perzendiň kalbyny ýumşadýar, ýumşak kalp bolsa gowulygy, sypaýyçylygy we hoşniýetliligi özüne has çalt siňdirýär. Şonuň üçin hem, “Edep gözbaşy — ene mähri” diýilmegi, edebiň köküniň mähirdedigini aňladýar.
Ulyny sylaýan ynsan, ilki bilen öz enesini sylamagy öwrenendir. Enesiniň mährinden ganan we oňa hormat goýmagy başaran perzent, jemgyýetdäki beýleki adamlara-da hormat bilen garaýar. Ene mähriniň berýän şol içki rahatlygy ynsanyň häsiýetini asylly edýär. Edepsizligiň kökünde köplenç mähir gytlygy ýatýan bolsa, edep-ekramlylygyň gözbaşynda hemişe mähirli ene we ondan alnan terbiýe durýar.
Türkmen medeniýetinde enäniň mukaddesligi edebiň iň belent derejesidir. “Ene razy — Hudaý razy” diýen düşünje bilen ulalan nesil, her bir ädiminde özüniň edebi bilen enesiniň adyna abraý getirmäge çalyşýar. Şunlukda, ene mähriniň şuglasy perzendiň ömür ýoluna edep bolup ýazylýar.
Edep — bu diňe bir daşky sypat däl, ol kalbyň owazydyr. Şol owazyň sazy bolsa enelerimiziň mähridir. Ene mährinden gözbaş alýan edep hiç wagt sönmeýär we könelmeýär. Eger biz jemgyýetimizde edep-ekramly nesliň dowamatly bolmagyny işleýän bolsak, onda enelerimiziň gadryny bilip, olaryň mähir ojaklaryny hemişe sarpalamalydyrys.
Myradow Muhammetgurban
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby

RU












