Fizika we astronomiýa sapaklarynda mesele çözülende tebigat bilen, ýagny, biziň daş-töweregimiz, gündelik gabat gelýän hadysalar bilen baglanyşdyrylyp öwredilse okuwçylarda fizika dersine bolan gyzyklanma, höwes döräp fizika ylmynyň açan her bir kanunynyň adamzadyň durmuşyndaky tutýan orny we ondan nähili peýdalanylýandygyna düşünýärler. Biziň durmuşymyzdaky ýönekeý meseleleriň hem fizika bilen baglydygyna göz

Ýetirseler, olar üçin fizika dersi has hem gyzykly bolup görnüp başlar. Mysal üçin, “Tizlenme. Deňtizlenýän hereket. Deň haýallaýan hereket” diýen temalara degişli meseller çözülende Aşgabat – Garagum – Daşoguz otlularynyň hereketi bilen baglanyşykly meselelere seredip geçýärin. Haýsy otly tiz barýar, haýsy haýal, näme üçin, näme sebäpden, şular ýaly soraglara hem jogap tapylýar. Başgada gazlar bilen baglanyşykly meselelerde gyşyna gaz birbada peselip alýar, näme üçin, gazyň basyşy näme üçin peselýär, näçe peselýär, bu soraglara hem gazyň basyşynyň temperatura bilen baglanyşyklydy baradaky formulalar bilen çözüp görkezsek okuwçylaryň ýadynda gowy galýar.

Mundan başgada mesele çözülende meseläniň manysyna düşünip wakany, hadysany göz öňüne getirip çözülse has amatly hem aňsat düşýär. Käbir okuwçylar bolýar meselede iki sany san görse derrew köpeltmek, bölmek bilen bolýarlar, ýa-da formulada ýerine ýalňyş goýýar. Mysal üçin, bir adam 15 minutda 2 km ýol geçen bolsa, ol ýarym sagatda 4 km ýol geçjegi düşnüklidir. Şoňa garamazdan bular ýaly meselede hem ýalňyşlyk goýberýärler. Iki gapdaky gazy bir gaba guýsaň guýulan gabyň basyşy iki esse artjagy belli zat, ýa-da birinji gapdaky gazyň hemmesini däl-de biraz mukdaryny ikinji gaba geçirsek hem gapdaky gazyň basyşy başdaka görä uly boljagyny okuwçy göz öňüne getirip bilse, onda meseläniň jogabyndan hem başdaky basyşdan uly san gözläp başlar we jogaby çalt tapmagy başarar. Öýlerimizde ulanylýan spirally ýyladyjy bozuldy diýeliň, ony bejerenden soň onuň kuwwaty başdaka görä nähili üýtgär, elbetde ulalar. Formulalardan belli bolşy ýaly garşylyk kiçeliberse tok güýji ulalar, tok ulaldygyça-da kuwwatartar. Mesele çözülende dürli usullarda n peýdalanmaklyk okuwçylaryň mesele çözmek ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Fizika dersinde kompýuter serişdelerinden (modelleşdirmek, kompýuter grafikasy, multimedia) peýdalanyp, tejribe synaglarynyň netijelerini taýýarlamak bolýar. Orta mekdepde fizika sapaklarynda kompýuter modelleriniň dürli görnüşleri ulanylýar. Esasan hem öwrediji programmalary, görkezme programmalary, kompýuter tejribeleri, barlaýjy programmalary, elektron didaktiki maglumatlary sapakda ulanmak bolar. Şeýlede bu programmalar iki ýa-da ondan-da köp programma elementlerini özünde saklap bilýär.

Çärjew etrabynyñ 28-nji orta mekdebiniñ fizika mugallymy.

Awezmetowa Fatimajan