«Belent maksatlar belent sepgitlere alyp barýar» diýen jümle diňe bir şygar däl, eýsem üstünligiň formulasydyr. Adamzadyň taryhyndaky iň uly açyşlar we gazanylan üstünlikler ilki bilen hyýaldan, soňra bolsa öňde goýlan uly maksatdan başlandy.Eýsem, näme üçin käbir adamlar beýlekilere görä has uly sepgitlere ýetýärler? Bu sowalyň jogaby olaryň tutanýerliligi we maksatynyň gerimindedir.
Maksatsyz durmuş — ugry belli bolmaly däl gämi ýalydyr. Belent maksat adama diňe bir barjak nokadyny däl, eýsem şol nokaýa barmak üçin zerur bolan energiýany we ruhy güýji hem berýär. Adam öňünde näçe uly wezipe goýsa, şonça-da içki mümkinçiliklerini doly ulanmaga çalyşýar.
Psihologlar uly maksatlaryň adam beýnisine edýän täsirini şeýle düşündirýärler:
Motivasiýa: Kiçi maksatlar tiz wagtda ýadadyp biler, ýöne belent maksatlar hemişe hyjuwy oýarýar.
Gorkyny ýeňmek: Uly maksady bolan adam ownuk päsgelçiliklere üns bermeýär. Onuň nazary diňe netijededir.
Ösüş: Uly sepgitlere ýetmek üçin adam özüniň öňki “meninden” has kämil bolmaly bolýar. Diýmek, belent maksat adamyň şahsyýet hökmünde ösmegini şertlendirýär.
Diňe maksat goýmak ýeterlik däl, oňa ýetmek üçin belli bir ýörelgelere eýermek gerek:Belent Maksat — Bagtly Geljegiň Girewidir.Belent sepgitlere ýetýän adamlaryň bir aýratynlygy bar: olar ýeňşi entek oňa ýetmänkäler öz añynda döredýärler.Her gün 5 minut dowamynda maksadyňyza ýeten wagtyňyzdaky duýgularyňyzy göz öňüne getiriň. Bu beýnini şol sepgide tarap “programmalaşdyrýar”.
”Siz iň köp wagt geçirýän 5 adamyňyzyň ortaçasydyňyz.” Belent maksadyňyz bar bolsa, töweregiňizdäki adamlar hem ösüşe hyjuwly bolmaly.Magtymguly Pyragynyň maksady diňe bir şygyr ýazmak däl, eýsem dagynyk türkmen taýpalaryny bir döwlete, bir saçagyň töregine uýmakdy. Onuň maksady şeýle belentdi welin, ol hatda öz döwründen asyrlar soň hem biziň döwletliligimiziň sütünine öwrüldi. Belent maksat wagtyň çäginden hem geçip bilýär.
Maksat goýanyňyzda şuny ýatda saklaň: Belent sepgit — bu diňe bir maddy baýlyk ýa-da wezipe däl, eýsem şol sepgide ýetýänçäňiz siziň nähili şahsyýete öwrülendigiňizdir.
Şu günki gün Türkmenistan döwletimiz hem öz öňünde belent maksatlary goýýar. Täze şäherleriň gurluşygy, sanly ykdysadyýete geçiş we halkara taslamalar — bularyň ählisi ýurdumyzyň iň belent sepgitlere tarap ynamly gadam urýandygynyň subutnamasydyr.
Meredowa Aýjahan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

RU



