Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХ maslahaty geçirildi.

Oňa Azerbaýjanyň halkara muzeýler geňeşiniň milli komitetiniň başlygy, Berlin döwlet arheologiýa muzeýiniň müdiri hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «TEСHСON GmbH» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň «Linkway» kompaniýasynyň ýolbaşçysy we Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan bu ugur boýunça hünärmenler, türkmen halyşynaslygynyň muşdaklary hem-de Ýaponiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan taryhçy-alymlar, sungaty öwrenijiler, bilermenler, ussat halyşynaslar hem-de haly önümlerini toplaýjylar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda olar wideoaragatnaşyk arkaly türkmen halkynyň ruhy hem-de medeni mirasyny aýawly saklamak, giňden wagyz etmek, el halylarynyň milli däplerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini baýlaşdyrmak, pudaga iň täze senagat işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri dünýäde uly şöhrat gazanan türkmen halylarynyň bu gün nepisligi bilen haýran galdyrýandygy nygtaldy. Täze taryhy eýýamda halyçylyk sungaty köp asyrlyk tejribä daýanylyp, döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrylýar hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Çykyş edenler haly nagyşlarynyň gelip çykyşynyň taryhy boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri, dürli ýurtlarda halyçylyk sungatynyň ösdürilişi barada giňişleýin maglumat berdiler.

Maslahata gatnaşyjylara Altaý daglarynyň Pazyryk belentligindäki depeleriň birinde tapylan gadymy halynyň häzirkizaman nusgasy görkezildi. Onuň dokalan wagty, takmynan, biziň eýýamymyzdan ozalky V asyra degişli diýlip çak edilýär.