Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Prezident saýlawlarynda öňinçä ýerli we
döwlet edaralarynyň öňünde ilat özüniň garşy çykýan birnäçe meseleleri boýunça
çykyşlary guraýar. Beýle çykyşlaryň guralmagy syýasatyň ähli gatlaklar we ilatyň
dürli düzümleri üçin ýerlikli we deň derejeli ýöredilmegi, milletçilige garşy göreş,
adam hukuklarynyň hormatlanmagy ýaly meseleleriň doly çözülmesini talap edýär.
Saýlaw kompaniýasyndan öň şeýle edilmegi bolsa geljekdäki döwlet
ýolbaşçysynyň ilatyň gyzyklanýan meselesi boýunça öz maksatnamalaryny
düzmegine, köp ses gazanmak üçin raýatlaryň erk-islegine we hukuklaryna görä
täzeçe syýasaty ýöretmegine getirýär.
Birleşen Ştatlaryň “Dreýer’s” kompaniýasynyň azyndan 100 ýyldan bäri
öndürýän “Eskimo Pie” buzgaýmaklarynyň resmi ady hem ýaňky aýdan
milletçilige garşy guralýan halk çykyşlarynyň netijeleriniň gurbanyna öwrüler.
Döwletiň ähli çäklerinde milletçilige garşy köpçülikleýin närazylyk çykyşlarynyň
giň gerim almagy bilen işläp çykaryjylar “Eskimo” adyny milletçilik taýdan
kemsitme hasaplaýarlar. Sebäbi şeýle närazylyklaryň, köpçülikleýin çykyşlaryň
artmagy bilen kompaniýanyň girdejileri we satuw gerimi gysgalypdyr. Şonuň üçin
hem kärhananyň ýolbaşçy düzümleri öz logotiplerini üýtgetmegi kakar etdiler.
“The Wall Street Journal” neşiriniň bellemegine görä, şokolad örtülen
“Eskimo Pie” buzgaýmaklary ilkinji gezek 1920-nji ýylda Kristian Nelson we
konditerçi Rassel Stoýer tarapyndan taýýarlanypdyr. Buzgaýmagyň şeýle at bilen
atlandyrylandygy sebäpli onuň daşky gabynyň ýüzünde deriden edilen galyň
geýimli eskimosyň suraty ýerleşdirilipdir. Buzgaýmaklar ýaňy hem belläp geçimiz
ýaly, 100 ýyldan gowrak wagt bäri şu logatipiň astynda satylypdyr. Indi bolsa
döwrüň üýtgemegi bilen onuň hem atlandyrylyşynda birnäçe özgertmeleri
girizmek gerekdigini öndürijiler belleýärler. Buzgaýmak şu at bilen 1922-nji ýylda
ygtyýarnama alypdy.