Hindistan günortasynda ýerleşen Odiş ştatynyň ilaty adaty bolmadyk bir
hadysa barada habar berdiler. “The Daily Mail” habarlaryna görä, takmynan
200 ýyl öň suw astynda galan gadymy hindi ybadathanasy ýene-de suw üstünde
peýda boldy.
Maglumatlara görä, 500 ýyl ozal gurlan bu bina bir wagtlar Mahanadi
derýasynyň boýunda ör galyp durupdyr. Emma XVIII syrda bolup geçen güýçli
ýagmyrdan soň, derýanyň öz akymyny üýtgetmegi we netijede ybadathana
hem, oňa ýakyn töwerekde ýerleşen birnäçe obalar hem bütinleý suw astynda
galypdyr. Bellenilmegine görä, ybadathana uzak wagtyň dowamynda ýok bolan
hasaplanypdyr. Ýerli ilat hem onuň anyk ýerleşen ýerini ýatlap bilmeýär.
Hindistan Milli sungat we medeni miras guramalary taraapyndan ýola goýlan
gözleg işleri hem şowsuz tamamlanypdyr.
Emma birnäçe gün öň Mahanadidäki suwlaryň çuňlugynyň peselmegi
netijesinde gadymy binagärlik ýadygärliginiň bir bölegi suw ýüzüne çykypdyr.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä, bina bütinleý suw astynda ýerleşen bolup, diňe
ýokary bölegini görmek bolýar. Mümkin edil şu sebäpli hem ybadathanany
tapmakda guralan barlaglar öz netijesini beren däldir.
Hünärmenleriň bellemegine görä, ybadathananyň belentligi 18 metr
hasaplanýar. Umumy ady Satapatana bolan ýedi sany obanyň merkezinde
ýerleşipdir. Alymlaryň pikirlerine görä, laý weýrançylyklarda gorandygy üçin
ybadathana gowy saklanyp galypdyr. Hasaplamalara görä, bütin 18 metrlik
binanyň 15 metre ýaakyn ýeri çökündi bilen gaplanypdyr. Diňe 3-3,5 metri
bolsa açyk galypdyr.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.