Nebitiň bahasynyň 2025-nji ýyla çenli $150-ä çenli ýokarlanmagy mümkin.
Bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Geljekde nebiti gazyp alyjylyga maýa goýumyň pese düşmegi mümkin diýip,
Northern Trace Capital kompaniýasynyň inwestision müdiri Trewor Wuds
hasaplaýar. Onuň pikiriçe, şeýle maliýe basyşy sebäpli bahalar 2025-nji ýyla çenli
barreline $150-ä ýetip biler.
Mundan başga-da, maýa goýumyň pese düşmegi gazyp almanyň möçberiniň
kemelmegine hem getirip biler. Analitikleriň hasaplamasy boýunça, nebiti gazyp
alma günde 5 mln barrel peseler ýa-da 5% çökgünlige çenli derejä düşer. Şeýle
ýagdaýda nebit bazarynda islegiň we teklibiň deňagramlylygyny saklamak üçin
düýpli maýa goýum gerek bolar, netijede nebite baha ýene ýokarlanar we geljek iki
ýylda nebitiň bahasy 100 dollara çenli galyp biler.
Ýöne şunuň bilen birlikde beýleki analitikler şu ýylyň başynda
durnuksyzlykdan soň nebite isleg birnäçe wagt dikelip bilmez, şol sebäpli pes
bahalar saklanar diýip çaklaýarlar. Nebit bazarynda durnuksyzlyk 6-njy martda,
ýagny OPEK+ mejlisine gatnaşyjylar belli bir netijä gelip bilmänlerinde başlady.
Ylalaşyk başa barmandan soň, nebite baha 30% pese gaçdy. Maý aýynda
baglanyşylan şertnama laýyklykda, OPEK+ ylalaşygynyň agza-ýurtlary 2022-nji
ýylyň apreline çenli nebiti gazyp almany azaltmak barada ylalaşdylar. Şundan soň
nebitiň bahasy ýokarlanyp başlady.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Analitikler nebitiň barreline 150 dollara çenli gymmatlamagyna garaşýarlar
Analitikler nebitiň barreline 150 dollara çenli gymmatlamagyna garaşýarlar
