2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň
ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat
Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda hususan-da ýakyn günlerde
Täjigistanda garaşylýan yssy howanyň sebäbiniň Eýrandan gelip, Türkmenistanyň
üsti bilen geçen yssy howa akymynyň bolup durýandygyny habar berýän
maglumat beýan edilýär.
Türkmen tarapy beýle habary hünär taýdan sowatsyzlyk diýip hasaplaýar we
Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gidrometeorologiki merkezleriň köp
ýyllaryň dowamynda geçiren gözegçilik işleriniň, Ýakyn Gündogardan öwüsýän,
Merkezi Aziýadaky howa şertlerine emele gelmegine täsirini ýetirýän howa
akymynyň, geografik relýefiň aýratynlyklary bilen çaknyşmak arkaly öz ugruny
üýtgedýändigine şaýatlyk edýändigini tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde, aglaba
ýagdaýlarda ýeliň tizligi peselýär we Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň çöl-düzlük
zolaklaryndan ep-esli uzaklykda ýerleşýän we beýik dag gerişleri bilen gurşalan
ýurtlaryň howasyna ýetirýän täsiri peselýär. Şunlukda, Eýrandan gelip
Türkmenistanyň üstünden geçýän ýeliň “gyzgyn” akymlarynyň Täjigistanyň
çägine barýanlygy baradaky kesgitleme hiç bir hakykata laýyk gelýän däldir. Bu
hakykat, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ygtybarly
gözegçiliginiň maglumatlary bilen tassyklanylýandyr.
Şol bir wagtda, türkmen tarapy koronawirus we beýleki ýokanç keselleriň
ýaýramagy zerarly dünýäde ýüze çykan häzirki ýagdaýy nazarda tutulmagy bilen,
täjik žurnalistiniň ýokarda agzalan maglumatyny syýasy taýdan nädogry diýip
hasap edýär. Bu ýagdaý häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň pandemiýa garşy
tagallalaryny utgaşdyrýan wagtynda, ýagny wirusologiýa ulgamyndaky, hususanda
koronawirusyň ýüze çykmagynyň tebigatynyň öwrenilmegi arkaly ylmy
barlaglaryň işjeňleşdirilmegi bilen şertlendirilendir. 32 döwletden 239 sany alymyň
kesgitlän möhüm netijelerine görä, wiruslaryň howada uzak wagtyň dowamynda
aerozol damjalarynda saklanyp bilýändikleridir. Degişlilikde, wirusly ýokançlaryň
howa-damjalary arkaly geçmek mümkinçiligi has ähmiýetli hem-de ýaýraýan
bolup durýandyr. Agzalan hünärmenler tarapyndan şu ýylyň iýul aýynda
Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Baş direktorynyň adyna ýollanan hatda
munuň şeýledigi açyk beýan edilýändir.
Aýdylanlardan ugur alyp, öz çäginden ýa-da onuň üstünden geçýän howa
akymlarynyň beýleki döwletlere howply ýokanç keselleri geçirip bilmegi
mazmunynda haýsydyr bir döwletiň takyk adynyň islendik görnüşde
ulanylmagynyň şübhe döredip bilýändir diýip hasap edýäris.
Hut şonuň üçin hem, türkmen tarapy ýokarda agzalan maglumaty taýýarlamak
we ýaýratmak bilen habarçynyň syýasy taýdan dar gözýetimliligini aýratyn
bellemek bilen, halkara tejribesinde kemala syýasy etikanyň kadalarynyň gödek
bozulmagynyň kabul ederlikli däldigini tassyklaýandyr.
Şunuň bilen birlikde, adam saglygy üçin aýratyn zyýanly ýokançlara, ilkinji
nobatda, howa akymynyň üsti bilen geçýän wiruslara ünsi çekmek bilen, türkmen

tarapy oňyn ýörelgäni durmuşa geçirýändir, oňa laýyklykda möhüm ekologiki
meseleleriň çözgüdinde dünýä ýurtlary hyzmatdaşlyga çagyrýandyr.
Olaryň biri hem Aral tragediýasy bolup durýandyr.
Hut şu ýerde – Aral deňziniň guramagy zerarly ýüze çykan ekologiki
betbagtçylygyň zolagynda, tebigata, howa, Aralyň töwereginde we onuň çäginden
uzakda ýaşaýan adamlaryň saglygyna zyýanly täsirini ýetirýän howa akymlary
emele gelýär. Guran Aralyň düýbündäki aýratyn zyýanly maddalary ýaýradýan
tozanly-duzly tupanlar müňlerçe kilometre ýaýraýar hem-de adamyň saglygy üçin
hakyky howp döredýär.
2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk
etmek bilen, Türkmenistan bu halkara düzüminiň işiniň işjeňleşdirilmegi boýunça
ençeme möhüm hereketleri amala aşyrdy. Hususan-da, geçirilen guramaçylyk
häsiýetli çäreleriň netijesinde AHHG-nyň ähli edaralarynyň we komissiýalarynyň
ulgamlaýyn esasdaky işi mümkin boldy. Köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek
2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda Araly halas etmegiň halkara
gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçylarynyň Sammiti geçirildi.
Türkmenistanyň bu Gazna başlyklyk etmeginiň üç ýylynyň içinde Aralyň
ekologiki betbagtçylygynyň sebitde tebigaty goramak, durmuş-ykdysady,
ynsanperwer meselelerini çözmäge ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak boýunça
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljekki bilelikdäki hereketlerine gönükdirilen wajyp
çözgütler we resminamalar kabul edildi.
Türkmenistan şeýle-de BMG-de we beýleki halkara meýdançalarynda Aral
deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň ýörite maksatnamasynyň işlenilip
düzülmegi baradaky başlangyjy işjeň ýagdaýda öňe sürýär. Bu işde ähmiýetli
netijeler hem bardyr.
Türkmen tarapy häzirki wagtda AHHG-na başlyklyk etmek wezipelerini
amala aşyrýan Täjigistanyň hem Gaznadaky bilelikdäki işleriň çarçuwasynda
Türkmenistanyň konstruktiw başlangyçlarynyň dowam etdirilmegi üçin zerur
tagallalary alyp barjakdygyna umyt edýär.
Aral meseleleriniň toplumynyň çözülmeginde bilelikdäki utgaşdyrylan işiň
has hem şu günki günde, ýagny bütin dünýäniň ählumumy howpa – koronawirus
ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşýän döwründe aýratyn derwaýyslyga eýe
bolýandygyna ynanýarys.
Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi,
işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine päsgel berýän haýsydyr-bir maglumat
çykgytlarynyň talabalaýyk bolmadyk häsiýetini nygtamak bilen, döwetleriniň
esasy ünsüniň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň
çözgüdine gönükdirilen giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam
etdirilmegine gönükdirilmeginiň zerurlygyny belleýär.