ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi
Robert O’Braýen amerikan prezidentiniň parahatçylygyň Nobel baýragyny
almagynyň mümkindigini aýtdy. Hünärmen bu waka Donald Trampy Ysraýyl
bilen BAE-niň arasynda baglaşylan şertnama getirer diýip hasaplaýar. Hünärmeniň
aýtmagyna görä, Ak öýüň häzirki ýolbaşçysy “beýik ýaraşdyryjy” hökmünde
dünýä taryhyna girer.
Robert O’Braýen eger-de Trampy baýraga hödürlemeseler geň galjakdygyny
hem belledi. “Şu günki iş – bu onuň parahatçylygyň Nobel baýragyna esasy
dalaşgär hökmünde mynasyp göz öňünde tutulmalydygyna mysal bolup durýar, ol
dalaşgär hem bolmaly” – diýip, amerikan lideriniň kömekçisi ynanýar.
Ol öň ABŞ-nyň prezidentiniň Owganystan boýunça taryhy şertnamany
baglaşandygyny we Siriýada Türkiýäniň ýurduň demirgazygyna özüniň goşunyny
girizmekçi bolanda ylalaşyk gazanandygyny hem aýtdy.
Ýatlap geçsek, 13-nji awgustda Donald Tramp Ysraýyl bilen BAE-niň taryhy
ylalaşygy gazanandyklaryny yglan etdi. Taraplar ABŞ-nyň araçyllyk etmeginde
ikitaraplaýyn gatnaşygyň kadalaşandygy barada mälim etdiler. Baglaşylan
şertnama laýyklykda, Ierusalim özüniň garaşsyzlygyny Iordanyň Günbatar
kenarynda ýaýratmagyny wagtlaýyn soňa goýar.
BAE Ysraýyl bilen doly derejede diplomatik gatnaşygy ýola goýan üçünji arap
ýurdy boldy. Öň ýewreý döwleti bilen ylalaşygy Müsür hem-de Iordaniýa gazandy:
degişlilikde, 1979-njy ýylda we 1994-nji ýylda.