Hormatly Prezidentmiziň durmuşa ornaşdyrýan ähli başlangyçlary, ilkinji nobatda, paýtagtymyz Aşgabat şäherini, onuň sebitlerini döwrebap ösdürmek we gerimini giňeltmek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: “Häzirki wagtda ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat öz nurana keşbi, aýratyn ruhubelent ýagdaýy bilen dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrülýär” diýip, ak mermerli paýtagtymyzyň dünýä nusgalyk ajaýyp megapolise öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geriminiň giňdendigini, tutumynyň uludandygyny ýene bir ýola tassyklaýar.
Aşgabadyň taryhy 2500 ýyllyk alyslykdan başlanýar. Şol döwürde bu ýerde kiçiräk şäher – gala döreýär. Ýerli ýaşaýjylar bu ýerde bugdaý, arpa, üzüm we beýleki baglary ösdürip ýetişdiripdirler. Munuň üçin bu ýerden akyp geçýän derýajykdan we kärizleriň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar.
Aşgabat Türkmen-Parfiýa we Türkmen-Seljuk imperiýalarynyň strategik merkezi hökmünde türkmen halkynyň taryhynda asyrlara ýaň salan köp sanly wakalaryň şaýady bolupdyr. 1881-nji ýylda gadymy galaly Aşgabatda harby serhet berkitmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň adminstratiw merkezine öwrülipdir. 1919-1927-nji ýyllarda Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. 1927-nji ýylda oňa Aşgabat diýen milli at berlipdir.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan Aşgabat şäherini ýakyn ýyllaryň dowamynda döwrebap megapolise, ýagny ägirt uly şähere öwürmek barada möhüm wezipeleri öňde goýuldy. Şonuň esasynda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi bilen Aşgabady ösdürmegiň täze Baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, ýaşaýyş jaýlarynyň giden hatary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary Gahryman Arkadagymyzyň ak şäherimizi dünýäniň iň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda amal edýän ýadawsyz işleriniň miwesidir.
Toýly Muhammetdurdyýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby