1889-njy ýylyň 31-nji martynda Parižde Eýfel diňiniň dabaraly açylyşy boldy.
Şol gün konstruktor Gustaw Eýfel diňiň ýokarysyna fransuz baýdagyny dikdi, ol
ýokaryk basgançaklar arkaly çykdy.
Parižde iň tanalýan, arhitekturasy bilen hemmeleriň ünsüni çekýän bu minara,
Bütindünýä ýarmarkasy üçin XIX asyryň tehnologiki ösüşleriniň nyşany
hökmünde guruldy. Minaranyň meşhurlygyna garamazdan (alty aýyň içinde
"demir zenany" görmäge 2 milliondan gowrak adam geldi), Fransiýanyň
döredijilik intelligensiýasy ýerliksiz taslama gaharlandylar. Sebäbi bu metal
konstruksiýa, paýtagtyň asyrlaryň dowamynda ösen we özbouşly stilini
bozmogyndan çekinýärdiler.
Ilki başda Eýfel diňi Pariž sergisiniň giriş arkasy bolup hyzmat etmek üçin
wagtlaýyn konstruksiýa hökmünde göz öňünde tutulypdyr. 20 ýyldan soň Gustaw
Eýfel diňi söküp, döwük bölekler görnüşinde satmalydy. Emma soňra radio geçiriji
gurmak üçin minara degmezlik kararyna geldiler, onuň iň ýokarsynda antenalary
oturtdylar. Soňra bolsa, 1925-nji ýylda minarada telewizion geçirijiler hem
oturdyldy.
Eýfel Diňiniň açylyşy
