2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistan Ukrainany 23 müň 400
tonna dizel ýangyjy bilen üpjün etdi. Bu barada “A-95” konsalting toparynyň
gözlegine salgylanyp, “UkrRudProm” maglumat we seljeriş portaly habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, deňiz portlary arkaly Ukraina dizel ýangyjynyň
edilen eksporty boýunça Türkmenistan Türkiýeden (34 müň 700 tonna) we
Gresiýadan (34 müň 700 tonna) soňra üçünji orny eýeledi. Şeýle hem, Ukrainanyň
deňiz portlary arkaly Ysraýyldan (3 müň 600 tonna) we Malaýziýadan (4 müň 800
tonna) dizel ýangyjyny eksport edendigi bellenildi.
Ukraina 2021-nji ýylyň maý aýynda edilen dizel ýangyjynyň importy geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% azaldy.
“A-95” konsalting toparynyň gözleginde bellenip geçilişi ýaly, Ukrainanyň
dizel ýangyjynyň importynyň azalmagy 2020-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda nebit
we nebit önümleriniň dünýä bahalarynyň peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň
bilen baglylykda nebit önümlerini sarp edijiler gereginden artyk 130 müň tonna
satyn aldylar we ony nebit ammarlaryna ýerleşdirdiler.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistan 5 aýda Ukraina 23 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny eksport...
Türkmenistan 5 aýda Ukraina 23 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny eksport etdi
