Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji iýulda Balkan
welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýat merkezi Balkanabat şäherinde
“Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH
habar berýär.
Welaýatyň merkezi Balkanabat şäherinde döwrebap «Türkmeniň ak öýi»
binasynyň we 3000 orunlyk sadaka jaýynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga
berilmegi ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň görküne görk goşar. “Türkmeniň
ak öýi” binasy döwletli maslahatlary we dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge
niýetlenendir. Bu ajaýyp bina şanly seneleri, baýramçylyk we toý dabaralaryny,
şowhunly aýdym-sazly çykyşlary hem-de at üstündäki oýunlary guramak üçin
ähli şertler döredilen merkeze öwrüler.
Şanly waka mynasybetli “Türkmeniň ak öýi” binasynda milli amaly-haşam
sungaty hem-de döredijiligiň görnüşleri, milli senetçiligiň özboluşlylygy barada
düşünje almaga mümkinçilik berýän sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz giň
gerimli sergini synlady, ol türkmen halkynyň köpugurly döredijilik zehininiň
hem-de örän baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlylygynyň aýdyň
subutnamasyna öwrüldi.
Ägirt uly ak öý görnüşinde bina edilen we üç müň adama niýetlenilen
“Türkmeniň ak öýi” binasy halkymyzyň gadymdan gelýän asylly
myhmansöýerlik däp-dessurlaryny alamatlandyrýar hem-de abadançylygyň we
ösüşiň nyşany bolup durýar. Durmuş üpjünçilik ulgamynyň toplumy bilen üpjün
edilen bu bina häzirki zaman gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri esasynda
guruldy. Onuň içki bezeginde ulanylan milli binagärlik sungatynyň usullary
hem-de haly nagyşlary aýdyň milli öwüşgini bilen tapawutlanýar.
“Türkmeniň ak öýi” toplumynda zerur häzirki zaman enjamlary bilen üpjün
edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz
öňünde tutuldy. Bu 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine
alýan tutuş desgalar toplumydyr. Onuň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy
hem-de bagy-bossanlyga büreldi, köp sanly pürli agaç nahallary hem-de bezeg
ösümlikleri ekildi, bina gelýän ýol çekildi, bezeg, yşyklandyryş enjamlary
gurnaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti şu günki ajaýyp wakanyň şanyna Balkanabat
şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynda işlejek döredijilik toparlary
üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat berdi.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.