25-nji sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyzlygyň 30 ýylynda türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri umumymilli çäräniň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema boldy. Şeýle-de Türkmenistany mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda  maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi.