Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylýandygy hem-de netijeli ulanylýandygy gazanýan üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde aýdyň duýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy iň öňdebaryjy tejribeleriň, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen düýpgöter özgerýär. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge we dünýä ülňülerine laýyk özgertmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Ýurdumyzda bagtyýar nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak esasy orunda durýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýylsaýyn ýokarlanýar. Mekdeplerde okuw sapaklaryny sanly serişdeleriň üsti bilen geçmeklik giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaşlar iň amatly şertlerde bilim almaga, hünär öwrenmäge, tejribe toplamaga, işlemäge, döretmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik alýarlar.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagyň netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesle dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Sanly ulgamyň ýaş nesle çuňňur bilim bermekde, täze usullary ulanmakda giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» sanly bilim ulgamyny döretmekde, berilýän bilimiň hilini döwrüň talaplarynyň derejesinde baýlaşdyrmakda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem häzirki wagtda bilim ulgamynda multimediýa we interaktiw tehnologiýalar giňden peýdalanylýar.
Döwür sanly bilim ulgamynyň has-da ösdürilmegini talap edýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Bu wezipeleriň hötdesinden gelmek bolsa, bizden — mugallymlardan döredijilikli işlemegi talap edýär.
Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!