Türkmen topragynda gelejekki nesle has uly üns berilmegi, şol sanda halkyň bilimli ýaş neslini terbiýeläp, gelejekde ýurdumyzyň ösüşlerinde goşant goşjak ýaşlary terbiýelemek meselesi häzirki zaman bilim ugry boýunça edilýän aladalaryň iň naýbaşysydyr. Türkmenistanda bilim ugruny özgertmek üçin geçirilýän bilim boýunça çäreler, olimpiýadalar, maslahatlar we ýurt Baştutanymyz tarapyndan edilýän aladalr muňa gönüden – göni şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň özgermesi bilen zehinli ýaş mekdep okuwçylarymyz hem-de ýokary okuw jaýlarynyň talyplary hem Halkara Parahatçylyk ýyly bilen bagly , birnäçe daşary ýurtlara çykyşlar hem-de konferensiýalara gidip, ol ýerde baýrakly orunlara mynsyp boldular. Türkmen topragy häzirki döwürde bilimli ýaşlaryň, sowatly nesliň hem – de ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän konferensiýalardyr, onlaýn maslahatlarda biziň taryhymyz hem- de topragymyzda ösýän ösümlikleriň geň – taňlygy barada üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny elbetde tehnologiýalar zamanynda görmäge mümkinçilik tapdyk.Her ýerde, dünýäniň çar künjünde bilim almak üçin türkmen ýaşlaryna döredilýän mümkinçilikler çäksizdir. Islän ýurduňda bilim alyp, gelejekde öz watanyňy ösdürmäge goşant goşmak, ýaşlaryň ýüregindäki iň uly arzuwydyr. Bu bolsa, ilkinji bolup, bili9miň başlanýan ýeriniň ene- atadan öýden gaýdýandygyny subut edýär. Şol sebäpli hem nesilme- nesil eneleriň hem , atalaryň hem bilimli bolmagy şertdir. Çünki bilim ýoluň şamçyragydyr. Onuň ýagtylandyrjak ýoluny hiç kim ýagtylandyryp bilmez, bilim ýaly. Türkmenistanda bilim ugry boýunça özgerişlikler bolsa, şu ýyl öňküsinden hem has köpeldi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallaryndan ugur alyp, ýurdumyzda we dünýäde parahatçylygy ýaýmak we Orta Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasyň ýola goýulmagynda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak hem – de Birleşen Milletler Guramasynyň ştabs- kwartirasynda “Merkezi Aziýa Döwletleriniň ýaşlarynyň dialogy Parahatçylygyň we ynanyşmagyň kepilidigi barada edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy.Ýaşlara tejribe toplamak hem-de özleriniň başarnygyny görkezmek üçin geçirilen bu dialog, öz halkymyzyň hem-de dünýäniň parahatsöýüjilikli ýurtlarynyň gelejekde dostana gatnaşyklarynda bir-birege hemişe goltgy boljakdygynyň nyşanydyr. Munuň özi bolsa, ýaşlaryň öňünde Merkezi Aziýada parhatçylygy we Howpsyzlygy gorap saklamakda gelejekki nesliň öňündäki wajyp bir borç meseleleri boýunça edilen çykyş hökmünde dünýä ýaşlaryny gelejegi gorap saklamakda we Merkezi Aziýanyň parahatçylykly we Howpsyz giişlik hökmünde wajyplygyna ünsi çekmek boldy. Türkmen ýaşlarynyň eden çykyşlarynda hem- de gelejiň parahatsöýüjilikli ýaşlar bolmagyny gazanmagyň ugurlaryna syrykdyryldy. Her bir juwan ýürekde watançylyk duýgularyny açmaga ýol, ýörelge boldy.Ýurdumyzyň bilim ulgamynda okaýan ýaşlaryň, zähmet çekýän bilim işgärleriniň üstünlikli aladalary bolsa, ýaş nesli bilimiň dürli ugurlary boýunça kemala getirmäge bolan söýgüsinden gelip çykýandyr. Birleşen Milletler Guramsaynyň Baş assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň bu günki gün iň wajyp meseleleriniň biri bolan parahatçylyk söýüjilige çagyrmak boýunça ilkinjileriň biri bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berdi.Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlykwe öňüni alyş diplomatiýanyň işeňňir wekili hökmünde çykyş edip, Orata Aziýany parahatçylykly zona – giňişlige öwürmek meselesinde işjeň gatnaşyklary ýola goýmagy ýurdumyzyň liderlik häsiýetini görkezdi. Ýurdymyzda berilýän bilim derejeleriniñ artdyrmaklygy, kämilleşdirilmegi muña aýdyñ mysaldyr. Bilşimiz ýaly, ýaşlaryñ ylymly, sowatly bolmagy ugrunda diñe bir Türkmenistan ýurdumyzda däl eýsem, daşary döwletlerde mümkinçilikler döredilip berilýär. Dünýäniň çar künjüne uzalýan Parahatçylyk baglary türkmen halkynyň gadymdan gelýän, iň gymmatly däp-dessurlary özünde jemleýän halkdygyny subut etmek bilen syýahatçylyga hem beýik ýol açdy. Bu hem iki halkyň arasyndaky halkara diplomatiýanyň bitiren uly işlerinden biridir. Türkmen topragynyň taryhy ýerlerine syýahat etmek şol sanda türkmen topragynyň taryhy bilen gyzyklanmak we ony bu günki gün dünýä ýaýmakda halkara parahatçylyk ýylynyň netije görkezýändiginiň ýene- de bir gezek aýdyň subutnamasydyr. Halkara diplomatiýanyň ýene bir ajaýyp ýörelgeleriniň biri Gadymy Ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän Türkmen topragyny bu günki günüň modern kerwen ýollarynyň üstünden geçirmek boýunça birnäçe işleri ýola goýmagy bu günki gün biziň ýurdumyzda sanly ugur boýunça hereketleriniň hem kämilligini gazandy. Ýurdumyzyň parahatçylygyny hem-de Bitaraplygyny saglaýan ýer häzirki döwürde ýüpek ýoluň çatrygynda bolmak bilen geografik taýdan örän amatlylygy bilenbir hatarda bitaraplygynyň hem şu günki gün wajyplygyny özünde saklaýar.Ýüpek ýoluň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi örän ähmiýetlidir.Munuň özi bu günki gün Türkmenistanyň liderlik häsiýeti özünde saklaýan döwletdiginden hem bellidir. Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu günler Halkara parahatçylyk ýylynda birnäçe çäreleriň hem-de konferensiýalaryň, ylmy maslahatlaryňdyr, medeniýet günleriniň geçiriljekdigi hem-de ykdysady ugur boýunça birnäçe diplomatik gatnaşyklaryň giň mmükinçilikler aljak ýyly boljagy eýýäm ýylyň başyndan hem bellidir. Bu mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem- de şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen bu günki gün netijesini berýär. Paraahtçylyk söýüji halk bolan, parasatly türkmen halky gadymy asyrlarda hem dost- doganlyk gatnaşyklaryny hiç wagtda öz durmuşlaryndan aýyrmandyrlar. Hat-da türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyragy hem bu meselede hiç wagt çetde durmandyr. Tire-taýpalaryň birleşmesi bilen bir hatarda halklaryň dost- doganlyk gatnaşykalryna,olaryň dil medeniýetine beýik sarpa goýupdyr. Bu gün Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi bilen ýurdumyzda gelejege çeýe hem- de berk bedenli, sowatly ýaşlar bolup ýetişmek bilen , täze mekana, has ösüşlere baý, dünýäniň ýüzünde mundan hem beýläk halkara abraýa eýe boljak mekanyň eýesi bolmaga ýol çelgi alýan ýaşlary okatmak we olary gelejege taýýarlamak üçin dünýäniň ösüşlerini öwrenmek üçin dünýäniň çar ýerine ylym- bilim almaga mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Ýaşlar bolsa ýurdumyzyň gelejegi, olaryň okap, ösüp halkara diplomatiýasy üçin hem taýýarlykly gelejegiň parahatçylygyny hem-de dünýä abraý getirjek usullaryny saglaýan ýaşlar bolup ýetişmeklirini gazanmaklary bu günki gün halkara gatnaşyklarda orun alýan ýurudmyzyň ýene bir gezek abraýyna abraý goşýar. Bu ajaýyp ädimleriň gönden – göni şaýady bolup,Ýaşlarymyz bu ugurda bilim almakda öňdebaryjy netijeleri gazanmaga çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halky ösüşlerden ösüşlere barýandygyny hem – de Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary halkymyzy bu gün bagtyýar durumyşyň şaýady bolmaga mümkinçilik döredýär. Ösüşlere şamçyrag bolup duran – Arkadagymyzyň ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyza berýän ündewleri olaryň ukyp – başarnygyny Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmen ýurduna laýyk edip terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly pikirleri halkara giňişliginden sagdyn türkmen ýaşlarynyň gelejegini nazarlaýan ylymly – bilimli, zehinli ýaşlaryň ýörelgesi bolamgynda galýar. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi bilen ýurdumyzda gelejege çeýe hem- de berk bedenli, sowatly ýaşlar bolup ýetişmek bilen , täze mekana, has ösüşlere baý, dünýäniň ýüzünde mundan hem beýläk halkara abraýa eýe boljak mekanyň eýesi bolmaga ýol çelgi alýan ýaşlary okatmak we olary gelejege taýýarlamak üçin dünýäniň ösüşlerini öwrenmek üçin dünýäniň çar ýerine ylym – bilim almaga mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Çünki söwda ýollary, deňiz, kerwen ýollary her zamanda türkmen topragyna bolan ünsüni saklapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda edilýän işleriň gün geldikçe artmagy we halkara abraýa eýe bolmagy bolsa, topragmyzyň gymmatyny artdyrýar. Üstünliklere beslenýän türkmen binýadynyň ösüşlerinde ilkinji nobatda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmaklyk ýola goýulmagy ösüşlerden ösüşlere batly ädimler bilen barýan Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha ýokary göterýändir. Şeýlelikde dostana gatnaşyklar adamyň şahsyýetine uly jogapkärçilikli çemeleşmäge mümkinçilik döredýän bolsa,diýmek duýgy kämilligini öňe çykarmakda,adamyň ruhundaky bilim hazynalaryny açmakda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýüze çykarmakda edilýän işler biziň watanymyzyň ösüşine uly mümkinçilik döredýän bolsa,diýmek biz bu meselede öňdebaryjy bolmaga laýyk görülmelidiris. Adamkärçiligi ýola goýmak,onuň bilen durmuşyňy bezemek hem-de ýüregiňdäki ýagşy arzuwlar bilen özüňe teselli bermek,galyberse-de dostlaryň bilen şat durmuşda ýaşamak hemişe ynsanyň bagtly ýaşamagyna mümkinçilik döreder.Jemgyýetde öz şahsy kämilligiňi gazanyp,öz durmuşyňy beýik dostluk bilen bezemek zerurlygy hemişe ynsana bagtly pursatlary peşgeş berer. Hut şol sebäpli hem hormatly arkadagymyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny göz öňüne tutup hem- de durmuşda ähli ruhy kämilliklerinden söz açýan dostluk hakdaky şygarlaryny baýdak edinip, görelde mekdebinden gitsek, köp dostly bolsak, hemişe özümiziň şahsyýet bolmagymyza uly mümkinçilik döreder. Halkyň ruhy hazynasynyň kitapdygy hemmä mälim bolýandygy düşnüklidir. Topragyndan iň gymmat baýlyklar önýän Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar. Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine Döwletimiziň ýokary derejeli ösüşleri diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy. Häzirki wagtda desgalary dolandyrmak, gurmak we halk üçin, şeýle- de maksatly desgalary gurup ulanylmaga berilmegi Garaşsyzlyk ýylalry içinde ýurdumyzda gurluşga berlen ünsüň üstünlikli taraplaryny ýüze çykarýar. Ylmyň-bilimiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu amal edilýän işleriň arasynda Türkmenistanda sanly bank ulgamynyň ösdürilýändigini aýtmak bolar. Bilim uglamynyň ösüşlerinden ugur alýan innowasiýon merkezleriň döredilmegi, türkmen ýaşlarynyň oýlap tapýan täzelikleriniň dünýä ýüzünde häzirki wagtda sergilere gatnaşmagy we olaryň sowgatly ýerleri almasy bolsa, bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişliklerde innowasiýon tehnologiýalaryň giňden ornaşandygyny subut etdi. Şeýlelikde ýurdumyzda ýaşlary bilime gönükdirmek bilen birlikde halkara parahatçylygy ýola goýmakda diňe bilimli ynsanlaryň bir- birege bolan parahatçylykly düşünjesi esasy maýa boljakdygyny subut edýän zamananyň gelendigi bilen baglanyşdyryp bolar. Halkymyzyň başyny göge ýetirýär. Bitaraplygymyzyň Halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bu möhüm çäreleriň ýurdumyzyň bitaraplyk derejesindäki basgançaklarynyň wajyp bir ugrudygy mälimdir. Şeýlelikde Orta Aziýanyň hem – de dünýäniň ýüzünde parhatçylygy hem-de howpsyzlygy amala aşyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan ýol alýan bu maksadalaýyk ýurdumyzyň gelejekki nesillerine nusga bolsun!

Aýna Baýryýewa

Türkmeistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy