Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda,
Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy hem-de şu
maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy
tassyklanyldy.
Bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak
babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň
Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak,
Aralyň ýaramaz täsirini peseltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň kabul eden “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas
etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasyndan gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy tassyklanyldy

RU



