Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça ylalaşyk) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.