Magtymguly etrabynda 50 näsagy stasionar usulda hem-de 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenen täze hassahana açylyp, ulanylmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahana Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň, Slowakiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.
Dünýä belli daşary ýurt önüm öndürijileriniň täze, kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň milli we dünýä ölçeglerine laýyklykda, okgunly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Soňky ýyllarda şeýle merkezleriň gurluşygynyň gerimi giňelip, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Netijede, ilatymyz halkara ölçeglere kybap gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen elýeterli üpjün edilýär.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.
Aýsoltan Berdiýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy