Hormatly Prezidentimiziň tagallasy türkmen alymlary türkmen
diliniň gadymylygy we onuň aýratynlygy barada ylmy işlerini dowam
etdirýärler.
Türkmen dili dünýäniň iň gadymy türki diller kowumyna degişlidigini
ýene bir gezek subut etdi.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Dil we edebiýat we milli
golýazmalar institutynyň alymlar geňeşi tarapyndan iň gadymy türki
dilde şygyr ýazan Lutfy şahyryň “Gazallar diwany”atly kitaby çapdan
çykypdy.
Häzirki döwürde durnukly dili we iň gadymy çagataý dilinden – de irki
türkmen dilinde şygyr ýazan Lutfy şahyryň ýene bir kitaby çapa
taýýarlanýar. “14-15-nji asyr türkmen şahyry Möwlana Lutfynyň
eserleriniň dili” diýip atlandyrylýan bu kitaby Türkmenistanyň Ylymlar
Akademiýasynyň Dil we edebiýat we milli golýazmalar institutynyň
alymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa taýaýrlady.
Bu kitapda türkmen diliniň “Çagataýdan öňürti has gadymy türkmen
diline ýakynlygy subut edilýär’ diýip, awtor öz eseri hakda kelam agyz
aýtdy.
Bu kitabyň nesillere ýadygärlik galjak uly bir hazyna boljakdygy we
türkmen diliniň iň gadymy usullaryna salgylanyp,şahyryň gadym
türkmen dilinde şygyr ýazandygynyň subut edilmesi, gelejekde Dil bilen
baglanşykly dünýä konferensiýalaryna gatnaşmak hukugyny gazanmaga
mümkinçilik döreder.

Berkeliýewa Gülnar Tirkişowna,
 Türkmenistanyň  Döwlet energetika institutynyň,
 Diller kafedrasynyň mugallymy.