Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde açylan “Erkin” atly täze, döwrebap seýilgäh hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan, Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Täze seýilgäh Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy.
Dabara gatnaşyjylar täze seýilgähiň çäkleri boýunça gezelenjiň dowamynda “Ýaşlyk” akkordeonçylar toparynyň, “Altyn serpaý” toparynyň skripkaçylarynyň, “Joşgun” hem-de “Aýjan” çagalar hor we tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler, meşhur aýdymçylaryň belent owaza beslenen aýdymlaryny, sazlaryny diňlediler. “Şowhun” sirk toparynyň we çagalar sport mekdebiniň ýaşajyk türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy.
Seýilgähiň käbir künjeklerinde çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň surat sergileri guraldy. Olaryň ajaýyp paýtagtymyzy wasp edýän surat eserleri dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Aşgabat “baglar şäheri” adyna eýe bolmak bilen, bu ýerde ajaýyp seýilgähler, gök zolaklar, özboluşly ösümlik dünýäsi suw çüwdürimler toplum bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, gözelligi, ýaşaýyş üçin amatlylygy özünde jemleýän şäheriň ekologik derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Paýtagtymyzyň seýilgähleri we gök zolaklary ak mermerli binalar toplumynyň ajaýyp ýaşyl jähegi bolup hyzmat edýär. Özboluşly binagärlik çözgütli “Garagum” oteliniň ýanynda ýerleşýän täze “Erkin” seýilgähiniň, şäher ilaty üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem söýgüli künjekleriň birine öwrüljekdigi şübhesizdir.
Merdan Gurbandurdyýew
A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwerstetiniň
Gidromelorasiýa fakultetiniň
Gidromelorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.