Häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryň örän köpüsi sanly ykdysadyýetiň infrastrukturaly gurallarynyň jemini düzýär. Ykdysady işiň (harytlaryň we hyzmatlaryň öndürme, paýlama, alyş-çalyş, ulanyş we gaýtadan peýdalanyş prosesleri) sanlaşdyrylmagy edil kiçi kompaniýalara ýetirilişi ýaly uly kompaniýalara, döwlete we hat-da aýratyn adamlara hem öz önümini ýetirýär. Sanly gurallaryň (sanly transformasiýa ýa-da sanlaşdyrma) işjeň girizilmegi eýýäm birnäçe ýyl bäri bütin dünýäde ähli senagat önümçiliginde bolup geçýär. Emma eger öň bu tebigy taýdan we gözegçiliksiz geçen bolsa, indi uly kompaniýalar we döwletler strukturalaýyn çemeleşmäniň gerekdigine düşündiler. Sanlaşdyrmanyň işlenip taýýarlanmagy we amala aşyrylmagy bu gün uly kompaniýalar üçin olaryň pudaklaýyn degişliligine, biznesiň aýratynlygyna ýa-da kanuny düzgünleşdirmesine garamazdan ilerlenilýän ugurlaryň (birinjilik) bolup durýar.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar programma üpjünçiligini düzmegiň ol ýa-da başga arhitekturasyny işjeň ulanmagyň pudagynda ornaşdyrylan dürli datçikleriň ýagdaýyndan teoriýa çenli, köp mukdardaky gurallary we önümleri öz içine alýar. Sanly ykdysadyýet hakynda gürrüň edilende käbir kesgitleýji tehnologiýalara: bulutlar, bölünen hasaplama, uly maglumatlara we internet ýüklerine üns bermeli. Tehnologiýalaryň wajyplylygy boýunça ikinji topara blokçeýn, sanly meňzeşlikler, doldurylan hakykat, additiw önümçilik, robotlar we kognitiw tehnologiýalar degişli. Şol sanda aýratyn üns bersek, köp kompaniýalaryň we ekspertleriň ünsüni çekýän merkezleşdirilen saklanýan ýerler we maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler, internetiň giň zolakly elýeterliligi we beýlekiler ýaly, sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň ösüşine ujypsyz täsir edýär.

Iň wajyp we kesgitleýji tehnologiýa sanly platforma bolup durýar. Ykdysady, biznes we ideologiki taýdan onuň wajyplygy barada biz soň durup geçeris, häzir bolsa esasy ünsi ulanyjylaryň köp sanyna maglumatlara (informasiýalara), meýilleşdirme boýunça ýokary hilli hyzmatlara, analitige elýeterlilige we has möhümi hem söwda bazaryna (müşderilere, öndürijilere, hyzmat ediji guramalara we ş.m.) elýeterlilige mümkinçilik berip, platformanyň galan ähli gerekli tehnologiýalary programmalaýyn önüm ýaly özünde jemleýändigine bereliň.

Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryň ösüşinde dört sany ýagdaý bilen baglanyşykly nobatdaky ýokary hilli özgeriş bolup geçdi:

• Sanly tehnologiýalar öz ulanyş sferasyny hemişe giňeldýär;

• Degişli gurallaryň girizilmegi we ulanyş bahasy hemişe pese düşýär;

• Ykdysady işiň sanlaşdyrylma derejesi elmydama artýar (şol sanda hem iki faktoryň täsir etmeginiň hasabyna);

• Sanly enjamlaryň (kompýuterleriň, telefonlaryň, akylly abzallaryň we internete baglanýan maşynlaryň) elýeterliligi we giňemegi hemişe artýar.

Berlen ýagdaýlaryň toplumy sanly platformanyň goldaýan sanly ekoulgamyň ösüşine esaslanan täze biznes modellere ykdysady düşünjeleri bolan, ýokary hilli täze şertleriň emele gelmegine getirdi.

Sanly platforma sanly ykdysadyýetiň gurallar jeminiň kwintessensiýasy bolup, özünde täze tehnologiýalaryň köp mukdaryny jemleýär we ulanyjylara (öndürijilere bolşy ýaly sarp edijilere we arada durýançylara hem) iň gowy sanly gurallara we erkin bäsleşikli bazara girmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa degişli segmentde oýnuň düzgünleriniň hil taýdan üýtgemegine getirýär. Başgaça aýdylanda, biz trendiň yzygiderliligini dowam edip bileris.

                                                                                      Ogulnur Babagulyýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (Oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby