Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň paýtagty Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky öňde goýan maksatlarynyň uly rowaçlyklara beslenmegi bilen mermer şäherimiz bu günki günde Aziýanyň ak merjenine deňelip, görenleri haýrana goýýar. Ak mermerli paýtagtymyzda gurlan giň hem owadan şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan ýokary derejeli myhmanhanalary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglyk edaralarynyň we sport desgalarynyň binalary, ak mermere beslenen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap belent ýaşaýyş jaýlary, ministrliklerdir pudak edaralarynyň milli öwüşginli owadan edara binalary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki birnäçe binalardyr desgalar bu gün ähli halkymyzyň göz guwanjyna öwrüldi diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” diýlip yglan edilen, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy uly şowhun bilen bellenilip geçilen 2021-nji ýylda «Aşgabat-siti» taslamasynyň gurluşygyna badalga berilmegi bolsa gözel paýtagtymyzyň taryhynda täze sahypa boldy. Umumy meýdany 744 gektar bolan, dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine aljak bu uly toplum Aşgabadyň binagärlik keşbine täze öwüşgin çaýar. Bu toplumda düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagyny, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdebi, Medeniýet öýüni hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumyny bina etmek meýilleşdirilýär. “Şäher içindäki şäher” diýdirýän bu toplumda kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysy bina ediler, netijede bolsa bagtyýar ildeşlerimiziň 107 müňden gowragy täze jaýlar bilen üpjün ediler. Şeýle-de bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalary, köpugurly hassahana, iki sany Saglyk öýi, şonça-da söwda-dynç alyş merkezi, dükanlardyr naharhanalar, toý mekany, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsi, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary gurlar. Bir söz bilen aýdanymyzda bu uly taslama bir tarapdan ýurdumyzyň mizemez ykdysady kuwwatynyň nyşanyna öwrülse, ikinji tarapdan bagtyýar ildeşlerimiziň ýüz müňlerçesiniň täze jaýlara eýe bolmagyna, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, mermer paýtagtymyzyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşmegine tarap aýgytly ädim bolar.

Biziň üçin ýene bir buýsandyryjy tarapy bolsa, şeýle ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan talyp ýaşlara hem aýratyn ynam bildirilmegidir. Has takygy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşýarlar. Ýeri gelende, “Aşgabat-siti” taslamasynyň iň uly aýratynlygy hökmünde onda “akylly şäher” ulgamynyň giňden ulanylýandygyny, binalary gurmakda, enjamlaşdyrmakda döwrüň iň soňky innowasion çözgütleriniň ulanylýandygyny nygtap geçmegimiz gerek.

Türkmen halkynyň abadan we bagtyýar ýaşaýşy, Aziýanyň merjeni bolan ak şäherimiz Aşgabadyň günsaýyn gözelleşmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Turkmen dowlet binagarlik-gurlusyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy  Yslam Tyllanurow