Hindistanly işläp düzüji Braýl şriftini 95% takyklykda adaty ýazga we sesli terjimä öwürip bilýän model döretdi.

Braýl, kör adamlara ýazylmak we okamak üçin döredilen nokat görnüşli taktil şriftdir. Hindistanly dörediji, Braýl şriftine smartfonyň kamerasyny gönükdirilende, ýazgyny seslendirip biljek programma döretmek kararyna geldi.

Ol modeli şrift nusgalarynda türgenleşdirdi, maglumatlar binýadyny özbaşdak taýýarlady. Soňra bolsa Google-yň berýän hasaplaýjy güýjüni ulandy.

Hindistanly, modeliň taýyndygyny, ýöne Google Assistent ýaly gurallar bilen täsirleşmek üçin interfeýsiň ýetmezçilik edýändigini düşündirdi.Ol, programmanyň Android üçin taýýar bolan ýagdaýyndan soň başlangyç kody açmagy meýilleşdirýär. Programmany döredijiniň, gözi görmeýän adamlar bilen birlikde eýýäm birnäçe synag geçirendigi habar berildi.

Begenç TOÝLYÝEW,
 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ 4-nji ýyl talyby.