Sankt-Peterburgdaky Concept Group RASKROI döredijilik meýdançasynda ýaş dizaýnerler tarapyndan 3D wizuallaşdyrma, prototip ýazmak we 3D çap etmek arkaly işlenip düzülen sanly eşikler ýygyndysy hödürlendi.
Serginiň baş ýörelgesi, fashion-industriýasyny ekologiýa taýdan arassa önümçilige we sanly hemde fiziki tejribäniň utgaşmagyna bolan islegine esaslandy. Üç aýyň dowamynda işlenilip düzülen öz eserlerini, 25 sany dizaýner hödürledi.
Sergide, hususan-da, häzirki zaman 3D çap etmek tehnologiýasyny we adaty örülen monjuklary özünde jemleýän Qwatro teleskopik torbasy hödürlendi – torbanyň tutawaçlary kub monjuklar bilen göwrümli gobelen dokamak usuly bilen ýasalan.
Mundan başga-da, dizaýnerler 3D modelleme we matalaryň fiziki simulýasiýasyna esaslanan egin-eşik sowutlaryny, şeýle hem 3D animasiýa we generator grafikalaryny hödürlediler.
Bozogonowa Arzygül,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.