8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz han” köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara goşuldy. Munuň özi zenanlarymyzyň belent hormata, söýgä mynasypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň dili bilen aýtsak, biz enäni «dünýäniň görki we durky» hasaplaýarys.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Soňra dabara meşhur estrada artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň berekedini wasp edýän ajaýyp milli mukamlary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Görnükli medeniýet işgärleri hormatly ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglarynydyr hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

Meşhur türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk çykyşlarynda söýgi we mähir, gelin-gyzlar, tebigatyň gözelligi baradaky aýdymlar dünýäniň dürli dillerinde ýaňlandy.