Lebap welaýaty arheologiki hem-de taryhy arhitektura ýadygärliklerine örän baýdyr. Welaýatymyzda geçmişiň köp sanly ýadygärlikleri, gadymy şäherleriň, galalaryň, howlularyň harabaçylyklary ajaýyp orta asyr jemgyýetçilik desgalary metjitler medreseler, kerwensaraýlar saklanyp galypdyr. Olara zehinli hünärmenleriň,meşhur haşamçylaryň ajaýyp sungaty we irginsiz zähmeti siňdirilipdir.
Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Amul galasy Amyderýanyň orta akymy boýunça iň uly şäherleriň biridir. Bu gala häzirki Türkmenabadyň Günorta tarapyndan ýerleşýär. Galanyň ornunda ilkinji oturymly ýaşaýyş köne we täze eýranyň aralygynda emele gelipdir. (b.e. öň III asyrda) Amyderýanyň joşgunly suwunyň, bol hasylly topragyň, amatly geçelgäni bolmagy ýaşaýyş üçin bu ýerde amatly şertleri döredipdirler. Ol kem-kemden ykdysady ösüşe eýe bolupdyr.
1956-nji ýylda Amulda gazuw agtaryş işleri geçirilýän mahalynda Hudaýyň heýkelleri we haýwanlaryň dürli hilli kiçijik şekilleri tapylýar. Bu bolsa şu ýerde ösen gadymy küýzegärçilik ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Ýadygärlikde alym arheologlar A.Maruşenko, M.Masson, A.Burhanow, G.A.Pugaçenkowa, W.N. Plipko, T. Hojanyýazow bolup olar, ylmy – barlag işlerini geçirip köp sanly arheologiki tapyndylary ýüze çykarypdyrlar. Tapyndylar welaýat taryhy ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar.
1220-nji ýylda Amuly mangol goşuny tozdurdy. XV asyrda bolsa Amulyň ýene täze durmuşy başlandy. Amul gadymy senetçiligiň Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşine ýetiren täsiri gaty uly bolupdyr. Bu şäherde orta Aziýada örän seýrek duş gelýän ähmiýeti demirçilik ussahanalary işlenilipdir. Amully demirçileriň sadaja gurluşy kürelerde we ýönekeý iş gurallary arkaly taýýarlan pil, kätmen, orak, teşşe, palta, zynjyr, gaýçy, gyrgyç ýaly iş gurallary örän ýokary baha mynasyp bolupdyr. Ýerli demirçi ussalar hatda ýokary hilli polat önümlerini taýýarlamagy başarypdyrlar. Bu ýerde ýasalan polat gylyçlardyr pyçaklar aýratyn hormata mynasyp bolypdyr. Olaryň sapy bolsa, diňe Lebapda duş gelýän sugunynyň şahyndan ýasalypdyr. Hezreti Dawutyň ak patasyna mynasyp bolan kesp-käri ýöreden senetçileriň ýasan gopuzlary dürli ýurtlaryñ söwdagärleriniň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Bu şäherde ýaşan ussat zergärleriň ýasan şaý-sepleri ýokary hormata mynasyp bolupdyr.
Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ösen söwda-ykdysady merkezleriñ biri bolmak bilen çäklenmän , ol bu gadymy şäherden dünýäniň çar ýanyna rowana bolan kerwenleriň goraglygyna, azyk we suw üpjünçiligi babatda hem gaýtalanmajak hyzmatlary bitiripdir.
Ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döreden Hormatly Arkadagymyzyň jany sag,ömri uzak, başy dik, il-ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Agamyradow Nazar

RU



