Häzirki wagtda döwrebap bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinen ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň anyk mümkinçiliklere we ylmy esaslandyrmalara daýanýan giň gerimli durmuş özgertmeleriniň çäginde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Çünki tutuş dünýä jemgyýetinde uly gyzyklanma döredýän iri möçberli, uzak möhletleýin taslamalardyr sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli çäreler ýaşlaryň nurana geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana geljegine gönükdirilen köptaraply tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem onuň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna itergi berer. Ýaşlar syýasaty boýunça täze maksatnamanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak we baýlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyryp, syýasy durnuklylygyny berkitmek hem zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmakda ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny ynamly aýdyp bileris.
Biz — ýaşlaryň nurana geljegimiz hakynda irginsiz alada edýän döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Şöhradowa Çeper,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit( oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.