Bir jisimiň beýleki bir jisimi ýagtylatmagy üçin yşyklarynyň oňa degmegi we onuň hem yşygy serpikdirmegi gerek. Gün yşyklary boşlukda ýagtyltmaga jisim tapman, gije asman garaňky görünýär. Eger dünýä atmosferasy bolmasady, gündizlerine hem garaňky bolardy. Gün top ýaly ak bolup görünip, ýyldyzlar hem gündizine görünerdi.

Emma jogap beýle gysga däl. Älemde yşyk çaýýan diňe gün däl. Ondan has güýçli yşyk çaýýan ýyldyzlar bar. Eýsem şeýle uly ýagtylyk çaýýan ýyldyzlaryň arasy hem ýagty bolmaly dälmi?

Şonça ýyldyz, şonça galaktika bar wagty näme üçin asman entegem garaňky?

Asman garaňky, emma ylmy maglumatlara görä garaňky bolmaly däl. Asyrlar boýy adamlaryň köp wagtyny alan bu sorag, 1823-nji ýylda nemes fizik Henrik Olbers tarapyndan öňe sürülýär. Şol sebäpli hem “Olbers paradoksy” diýip atlandyrylýar.

Bu meseläni energiýa arkaly düşündirmek isleýän alymlar, muny bilinýän kosmosyň boşlugynyň köplügi bilen düşündirýär.

Mundan başgada birnäçe teoriýalar arkaly bu paradoksa jogap berilýär.

Emma iň logiki jogap kosmosyň giňeýändigi kabul edileninden soň ýüze çykdy. Bu jogaba görä giňeýän kosmosda uzaklaşýan ýyldyzlaryň tolkun boýlary gyzyla öwrülýär. Ýagny yşygyň görülip bilinýän tolkunyndan, görünmeýän tolkunyna geçýärler.

Guwanjowa Enejan,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň  talyby.