Tritikale täze botaniki ugur hasaplanýar. Iki sany dürli botaniki urugyň-bugdaýyň we çowdarynyň hromosomlarynyň bir bedende utgaşdyrlyp birleşdirilmeginden täze ösümlik urugy hem-de degişli görnüşleridir. Tritikale ady bugdaýyň adynyň birinji böleginden -Tritikumdan we çowdary adynyň ikinji böleginden – Secaleden birleşdirilip ýasalypdyr.
Tritikale – bugdaý-çowdary gibridi bolup, amfidiploidlere degişlidir. Amfidiploid – (gr. amphi – ýanynda, töwereginde, diploos – ikili we eýdos-görnüş) allotetraploid beden, iki sany görnüş çakyşdyrylyp, ikili diploid toplumly hromosom saklaýan täze görnüş. Ilkinji gezek 1881-nji ýylda bugdaý bilen çowdarydan alnan gibridiň eýesi nemes alymy Rimpaydyr. Emma onuň işine şol döwürde uly ähmiýet bermändirler.
Öňki SSSR-iň çäginde Saratowyň oba hojalyk tejribe merkezinde şeýle tejribeleri 1918-nji ýylda G.K.Meýster geçirip başlapdyr. Soňky ýyllarda bugdaý pisint tritikaleniň 27/36, 46/131, Lýuteşsens-230 ýaly sortlary döredilip önümçilige üstünlikli ornaşdyrylypdyr.
Häzirki döwürde geksaploid tritikaleniň 36 we 42 hromosomly çowdary – bugdaý gibridleri (N.N.Sisiniň, A.D.Sulindiniň, W.F. Dorofeýewiň işleri) möhüm önümçilik ähmiýetine eýedir. Onuň däneli geksaploid sorty örän hasylly sümmüli, (bir başda 80-100 dänesi bar) dänesiniň iriligi, beloga baýlygy, ýokary hasyllylygy hem-de gyşa durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Tritikale – däneli ekinleriň özboluşly täze görnüşidir. Ol güýçli derejede hasyllylygyny artdyrmaga, dänede belogyň mukdaryny, çalşyp bolmaýan aminokislotalary (lizin, triptofan) ýokarlandyrmaga uly mümkinçiligi bolan, amatsyz toprak-howa şertlerine, kesellere, zyýanly mör-möjelklere durnukly, azyklyk we ot-iýmlik ähmiýetli örän möhüm ekindir. Onuň dänesiniň düzümindäki belogyň mukdary
bugdaýyňkydan 1-1,5 göterim, çowdarynyňkydan hem 3-4 göterim ýokarydyr.
Tritikaleni güýzlük bugdaýyň we güýzlük süläniň ýaýran ýerlerinde, sebitlerinde üstünlikli ösdürip ýetişdirmek mümkin. Tritikaleni ösdürip ýetişdirmeklige Orsýetde, Ukrainada, Ispaniýada, Wengriýada, Bolgariýada, Polşada uly üns berilýär.
Tritikale ekerançylyk çärelerini göwnejaý, talaba laýyk guralanda we ýerine ýetirlende örän ýokary däne we gök syna hasylyny üpjün edýär. Bir gektaryň hasabyna 40-50 s/ga däne we 400- 550 s/ga gök massa hasylyny almak mümkin.
Ogulmaral ANNAMUHAMMEDOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby