Dökünleri ulanmagyň düzgünleri işlenip düzülende öňi bilen onuň ykdysady netijeliligi we ekologiki taýdan yhtybarlylygy nazara alynmalydyr. Şoňa görä-de dökünleri ylmy esasda ýerleri toprak – howa şertlerini, ösümlikleriň görnüşleriniň, onuň her bir sortunyň (nusgasynyň) biologiki aýratynlyklarynyň, ekin dolanyşygy bilen baglylykda geçirilmeli agrotehniki çäreleri, dökünleriň görnüşlerini we häsýtlerini göz öňünde tutmak esasynda ulanmak garaşylýan hasyly öndürmegi üpjün edip biler.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ekerançylygy üçin dökünleri ulanmagyň düzünleri doly işlenip düzülendir. Bu düzgüne laýyklykda olary 3 möhletde ulanmak maslahat berilýär:
1. esasy dökün – güýz sürümiň öň ýanynda dökülýär we ol ekinleri ekilenden başlap tä hasyl ýetişýänçä iýmit maddalary bilen üpjün etmek üçin berilýär.
2. ekiş bilen bile wagtda berilýän dökün ekinleri ösüşiň ilkinji döwründe iýmit bilen üpjün edýär.
3. ösüş döwründe berilýän dökün-ösümlikleri ösüş döwründe iýmit bilen üpjün etmek maksady bilen berilýär.
Mineral dökünleri N 1: P 0,7-0,8: K 0,5 gatnaşykda ulanmak maslahat berilýär. Mineral dökünleri ulanmaklyga bolan talaplar. Ulanylýan mineral dökünler gury we seçilip duran bolmaly. Çig çekip we gatan dökünleri owradyp elekden geçirip, gurandan soň ulanmaly. Dökünler ekin meýdanlarynyň hemme ýerine bellenilen mukdarda gyradeň we endigan ýaýrar ýaly edilip dökülmelidir.
Yslam BAÝJYKOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby