Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Çeleken» käniniň düzümine girýän meýdançalary düýpli özleşdirmek, täze nebit guýularyny gazmak arkaly çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, nebitgaz ýataklaryny ýokary depginlerde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak, pudaklaýyn taslamalara isleg bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy okgunly ösdürilýär.

Belläp geçsek, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Çeleken» şertnamalaýyn çäginde känleri işläp taýýarlamak işini «Dragon Oil» kompaniýasy alyp barýar. Kompaniýa Türkmenistanda Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda iş alyp barýar. Kompaniýanyň esasy işi Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamakda ýöriteleşýär. Bu känlerde operator 2000-nji ýylyň maýyndan bäri üstünlikli iş alyp barýar. Geçen döwürde taslama 8 mlrd amerikan dollaryndan gowrak maýa goýum goýuldy.

Sentýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda özara gatnaşyklaryň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny, şeýle hem türkmen energiýa geçirijileriniň eksportyny artdyrmak bellenildi.

Gülzada ÝOLLYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyllyk talyby.