Türkiýäniň uçar gatnawlaryny amala aşyrýan Turkish Airlines — Türk howa ýollary 2-nji noýabrdan Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryny dowam etdirer – diýip, Atavatan Turkmenistan portaly bu awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasyna salgylanmak bilen habar berýär.
Uçuşlar çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar, geljekde kompaniýa olaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär.
Türkiýeden Türkmenistana we yzyna biletleriň bahasy 497 dollardan başlaýar. Olary Türk howa ýollarynyň Aşgabatdaky şahaçasynda satyn alyp bilersiňiz. Salgysy Aşgabat ş., Atatürk köç., jaý 82, «Berkarar», 1-nji gat, blok A7-A8.
Portal yzygiderli uçuşlaryň çäklerinde ýolagçylar üçin karantiniň göz öňünde tutulmaýadygyny belleýär.