Daniýaly tennisçi Holger Rune (ATR-iň reýtinginde 18-nji) Parižde (Fransiýa) geçen «Masters»-de serb türgeni Nowak Jokowiçi (ATR-iň reýtinginde ýedinji) utup, ýeňiji boldy.
Holger Rune 3:6, 6:3, 7:5 hasap bilen ýeňiş gazandy. Oýun 2 sagat 33 minut dowam etdi. Jokowiçiň çotunda sekiz eýs, iki sany goşalaýyn ýalňyş we 12-den iki sany amal bolan breýk-poýnt bar. Holger Rune alty gezek nawylet berdi, alty sany goşalaýyn ýalňyş goýberdi we mümkin bolan üçüsinden üç sany breýk-poýnte amal etdi.
Utuşa barýan ýolda Rune şweýsariýaly türgen Sten Wawrinki, polýak Hubert Hurkaçy, russiýaly türgen Andreý Rublýowy, ispan türgeni Karlos Alkarasy we kanadaly türgen Feliks Ože-Alýassimi ýaly tennisçileri utdy.
Turniriň baýrak gaznasy 5 415 410 ýewrodyr. Nowak Jokowiç geçen ýyl utup gazanan trofeýini gorap bilmedi.