Ylym ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe synaglaryny we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek ugurlary ýyl-ýyldan giňeýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy işleri ösdürmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda geçirmek we onuň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine aralaşmak işleri ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ylmyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň we tutuş jemgyýetiň öňünde goýýan möhüm wezipeleridir.
Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi, oňa ýurdumyzyň alymlarynyň we dünýäniň 20 döwletinden ylmy toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagy bu ugurdaky ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň wajyp ugurlary, täze tehnologiýalary ulanmak boýunça özara gatnaşyklaryň meseleleri girizildi. Şeýle hem farmasewtika, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek ýaly ugurlardaky ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmegiň wajyp ugry hökmünde sanlylaşdyrmak meselelerine möhüm üns berildi.
Daşary ýurtly alymlar ýurdumyzda döwrebap ylmy düzümiň bardygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawy we üns bermegi netijesinde täzeçil işlemek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilendigini nazara alyp, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Foruma gatnaşyjylar Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guraýan ýaş alymlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçiliklerini meýilnamalaýyn esasda berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady.
Täzegül HOJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.