Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler üstünliklere beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna şan getiren ajaýyp wakalaryň biri 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň uly ruhubelentlige beslenip geçirilmegi her birimiziň göwnümizi ganatlandyrdy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Ata-babalarymyzyň il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halk bilen geňeşip, ýaşululara sala salmak ýaly asylly ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Maslahatda kabul edilen çözgütler, has takygy, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň onuň Başlyklygyna bellenilmegi, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň bir palataly ulgama geçirilmegi ýaly demokratik özgertmeler agzybir halkymyzyň ýürek islegleriniň wysala gowuşmagy boldy. Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde, toý ruhunda üstünlikli geçirilmegi bolsa halkymyzyň baky bagta, döwletli döwrana ýetendigini alamatlandyrdy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanun esasynda ykrar etmek barada Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, şatlygyny goşalandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli durmuşyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde, döwletimiziň berkararlygyny has-da berkitmekde, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri bitirip, Milli Lider derejesine göterilen görnükli şahsyýetdir.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty, ähli watandaşlarymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýaş nesillerinde hem aýratyn täsir galdyryp, uly ruhy galkynyşy döretdi. Maslahatda eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Maksatnamalarda şu ýylda göz öňünde tutulan işler hem köp. Şu ýyly biz ýaşlarymyz bilen baglanyşdyrdyk. Oňa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip nygtady. Mähriban Arkadagymyzyň bu buýsançly sözleri bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesini artdyryp, olaryň watansöýüjilik duýgularyny has-da ösdürýär. Ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda, bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa bilime, ylma teşne ýaşlarymyzyň zehin we döredijilik başarnyklarynyň has-da artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň üçin bilimden paýly ýaşlarymyzyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlary egsilmezdir.
Atabaý ORAZMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












