Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe teklipler, şol sanda BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, bu gurama doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Şeýle hem degişli düzüm birligini açmak, BSG boýunça Türkmenistanyň ýörite wekilini bellemek meselelerini öwrenmek, öňümizdäki aýda ýurdumyzyň wekiliýetini hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewa (Şweýsariýa Konfederasiýasy) şäherine gulluk iş saparyna ibermek teklip edilýär. Ženewada bu guramanyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.
Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda ýöriteleşdirilen düzümler, hususan-da, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistana BSG-ä goşulyşýan döwletiň derejesiniň berilmegi bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edip, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etdirmegi, umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

RU












