Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hususylaşdyrmak we döwletiň garamagyndan aýyrmak boýunça wezipeleriň möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenendigini belledi. Döwlet Baştutany bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň geljekde önümçilik we hyzmatlar ulgamlarynda hususy pudagyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etjekdigine, umuman, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

RU












