Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi bagtly geljegiň girewidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ylym-bilimiň, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň sazlaşýan ýerinde ynsan özüni bagtyýar duýýar. Bularyň ählisi utgaşyp, adamy ösüşlere we belent sepgitlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna, bilim ulgamyny, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda köpugurly düzüm döredildi. Munuň özi halkara ölçeglere kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär, onuň düzümine ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Eziz Diýarymyzda geçirilen halkara derejeli ýaryşlar ýurdumyzyň köptaraply kuwwatyny hem-de giň hyzmatdaşlyga, dostluk we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmäge gyzyklanma bildirýändigini halkara jemgyýetçiligine ýene bir gezek görkezmäge aýdyň mümkinçilik boldy.

Milli sport ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, öz üstünlikleri bilen ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga taýýar zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Bu işlerde biz — ýaşlara nusgalyk mekdep bolýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak döwletli işleri rowaç bolsun!

Baýram ANNAORAZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji SKMD hünäriniň talyby.