Türkmenistanda däneçiligi ösdürmegiň geljegi bu pudagyň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklary bilen utgaşykly ösdürilip, tutuş oba hojalygynyň ykdysady taýdan netijeli we ekologik babatda durnukly düzüminiň kemala gelmegi bilen bagly bolar. 2030-njy ýyla çenli döwürde dänelik mekgejöweniň, şalynyň, arpanyň öndürilişi çaltlandyrylan depginde öser. Ilatyň tüwä bolan islegi ýurduň içersinde öndürilýän şalynyň hasabyna doly kanagatlandyrylar. Däneçilik diňe azyklyk babatda däl, eýsem ot-iým ugrunda hem ösüşe eýe bolýar we oňa goýberilýän düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi ösýär.
AST-niň däneçilik kiçi toplumy ösdürilende ýurtda ähli öndüriljek dänäni gaýtadan işlemekligiň, daşamaklygyň, az möhletli we uzak möhletli saklamaklygyň, şonuň ýaly-da däneçilik hojalyklaryny zerur önümçilik serişdeleri bilen ýeterlik üpjün etmekligiň mümkinçiliklerinden ugur alynýar. Häzirki wagtda welaýatlaryň hemmesinde, däneçilik bilen meşgullanýan etraplaryň aglabasynda häzirki zaman dünýä ülňülerine gabat gelýän elawatorlar we ammarlar bar.
Däneçilik kiçi toplumynyň gaýtadan işleýji kärhanalarynda önümçiligi giňeltmek we olary ýokary talaba laýyk abzallaşdyrmak üçin 2030-njy ýyla çenli döwürde uly möçberli maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da ýurtda mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak boýunça çözülýän wezipeler däneçiligiň kiçi toplumynyň geljekki ösüşine dahyllydyr.
Däneçiligi intensiwleşdirilmeginiň esasy görkezijileri şular: sürülýän (suwarylýan) ýerleriň, ekin meýdanlarynyň 1 gektaryna düşýäni: maýa goýumlary (manat); EÖG (manat); energetiki kuwwatlyklar, (kilowatt, manat); ekerançylygyň önümçilik harajatlary, (manat); şol sanda maddy harajatlar (manat); mineral dökünler (sap täsir ediji maddanyň agramynda, kg).
Däneçiligiň ykdysady netijeliliginiň esasy görkezijileri şular: sürülýän (suwarylýan) ýerleriň, ekin meýdanlarynyň 1 gektaryndan alnan önümçilige degişli jemi önüm, jemi girdeji, sap girdeji, (manat); hasyllylyk, (s/g); ot-iýmlik çykymy (s o.- i.b./ga); maddy harajatlaryň bir manatlygyna alnan jemi önüm, (manat); mineral dökünleriň birligine alnan önüm (kg); zähmet öndürjiligi (adam/sagat).
Olardan hem başga däneçilikde, baha berşiň üstüni sap täsir ediji madda geçirilen agramdaky mineral dökünleriň 1 gektara harçlanylyşy, şol dökünleriň 1 sentnerine hasaplaňda önümiň çykymy, önümiň zähmet sygymy ýaly görkezijiler hem ulanylýar.
Aşgabat şaherindäki agrosenagat
ora hünär okuw mekdebiniň talyby
Orazgeldiýewa Akjemal

RU



