Ýazyjy – edebiýat äleminiň baý hazyna goruny kemala getiren beýik söz ussadydyr. Özüniň döredijilik ukyby bilen her bir adamyň ýüregine söz arkaly ýol tapmagy başaran ýazyjylaryň sany sanardan örän köpdür. Adamzada berlen ajaýyp zehin eýeleri bolan ýazyjylar her döwürdede özüniň mynasyp aýratynlygyny saklap, zehin äleminiň täsin miwelerini halka peşgeş berip gelipdirler. Bu günki günde gürrüňi edilýän ýazyjylar jemgyýeti dünýäde özüniň mynasyp ornuny eýeledi.
Her ýylyň 3-nji martynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilip geçilýän Halkara ýazyjylar güni ýazyjy-şahyrlaryň zehin aýratynlyklarynyň bütin dünýädäki ykrarnamasyna öwrüldi. Dünýäniň 130-dan gowrak döwletinde bellenilýän halkara güni öz gözbaşyny 1921-nji ýyldan alyp gaýdýar. Katrin Emi Douson-Skotta diýen at bilen meşhurlyk gazanan iňlis ýazyjysy tarapyndan esaslandyrylan Halkara PEN-kluby bu baýramçylygyň döredilmeginde esas bolup çykyş edýär.
Dünýä edebiýaty özüniň baý hazynasynyň eýeleri bolan belli ýazyjylary bilen meşhurlyk gazanýar. Halkara ýazyjylar güni dünýä bileleşiginde Bitaraplyk, parahatsöýüjilik syýasaty bilen uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan döwletimizde hem giňden bellenilip geçilýär. Halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň tanymal ýazyjy-şahyrlary bilen edebiýat agşamlary geçirilýär. Ýeri gelende, türkmen edebiýat äleminiň hem taryhda we şu günki günde özüniň görnükli ýazyjy-şahyrlary bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny belläp geçmek gerek. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragydan başlap, Zelili, Seýitnazar Seýdi, Andalyp, Magrupy ýaly, olaryň mynasyp nesilleri bolan Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz altyndan gymmat eserleri bilen geljekki nesillere özleriniň ajaýyp miraslaryny goýmagy başardylar.
Halkara ýazyjylar güni ýüreginde ylham çeşmesi joş urýan, zehininiň bady bilen ýiti galamyny kagyz ýüzünde telwaslandyrýan, ynsan kalbyny heýjana getirýän ajaýyp eserleriň eýeleri bolan her bir ýazyjy-şahyrlaryň hünär baýramydyr.
Döredijilik äleminiň hakyky eýeleri bolan her bir ýazyjy-şahyrlarymyzy bu günki hünär baýramçylygy bilen gutlaýarys! Goý, zehiniňiz boý alyp, dörejiligiňiz baý bolsyn!

Ogulşirin Geldiýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby